ÝAŇLANSYN MYDAMA ÇAGA GÜLKÜSI

     Bütin dünýäde bolşy ýaly, Türkmenistanda hem Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenilýär. Bu senäniň milli senenamamyzdaky baýramçylyklaryň hataryna girizilmegi eziz Diýarymyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalandygynyň aýdyň subutnamasydyr. “Çaga – ömrüň dowamy”, “Akylyň bahasy bolmaz, terbiýäniň çägi” ýaly pederlerimiziň döreden paýhasly jümlelerinden ruhlanyp, häzirki wagtda ýurdumyzda beden we ruhy taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly nesilleriň kemala getirilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

     Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap Geňeşi, Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli, etrabyň medeniýet merkezinde “Ýaňlansyn mydama çaga gülküsi” ady bilen, aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyny geçirdi. Onda etrabyň çagalar sungat mekdebiniň aýdym-saz, tans toparlary çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde amala aşyrylýan beýik işleri, eziz Watanymyzyň bedew batly ösüşlerini, ýetilen belent sepgitleri, gazanylan üstünlikleri, bagtyýar çagalygy belentden wasp etdiler.

 

Ýeňişmyrat NEPESOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

S.Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar