Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat we Daşoguz şäher Geňeşleri, Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň açylmagy we «Magtymguly» atly ajaýyp eseriň çapdan çykmagy mynasybetli, «Ýaşlara göreldelik nusga – Pyragynyň goşgulary» ady bilen, “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik çäresini geçirdi. Söhbetdeşlikde edilen çykyşlaryň özenini halkymyzda we dünýäde Magtymguly Pyraga goýulýan belent sarpa, paýtagtymyz Aşgabadyň gözel künjeginde, Köpetdagyň eteginde türkmeniň beýik oglunyň, Gündogaryň meşhur akyldarynyň ajaýyp heýkeliniň we nusgawy şahyryň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň dabaraly hem-de şowhunly açylyşy, bu ýeriň ýurdumyzyň raýatlarynyň, daşary ýurtly myhmanlaryň iň gelim-gidimli ýerleriň birine öwrüljekdigi, seýilgäh toplumynyň Watanymyzyň döredijilik kuwwatyny täze belentliklere götermekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygy, şeýle-de, şanly ýylymyzda «Magtymguly» atly ajaýyp eseriň halkymyza gowuşandygy baradaky buýsançly gürrüňler düzdi.
Bu “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik “Altyn asyr: Türkmenistan” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.
Serdar ŞYHYÝEW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň
başlygynyň orunbasary.