Golaýda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäherindäki 14-nji çagalar bagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşi etrabyň bilim hem-de medeniýet bölümleri bilen bilelikde, körpejeleriň arasynda “Goý, mydam ýaňlansyn çagalaň şat gülküsi” atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresini geçirdi. Dabarada indi mekdebe barjak körpeler öz çykyşlarynda mukaddes Watanymyzy, Garaşsyz Diýarymyzy, bagtly çagalygy wasp edýän aýdymlardyr tanslar, goşgular bilen çykyş etdiler. Olaryň çykyşlary ýaş nesliň okamagy, öwrenmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga kalplaryndan çykýan alkyş sözleri bolup ýaňlandy.
Çary KAKABAÝEW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Boldumsaz etrap Geňeşiniň başlygy.