“BAGTYÝAR NESILDE” BAGTYÝAR NESILLERIŇ BAÝRAMY BELLENILDI

     Golaýda Daşoguz welaýat hem-de Akdepe etrap häkimlikleri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat hem-de Akdepe etrap Geňeşleri bilen bilelikde, “Bagtyýar nesil” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli, “Çagalaryň bagtyýarlygy – Watanymyzyň buýsanjydyr” atly baýramçylyk dabarasyny geçirdi. Oňa ýerli welaýat hem-de etrap jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim işgärleri gatnaşdylar. Bu ýerde sungatyň ýaş wekilleriniň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Çäre özüniň ýatda galyjylygy bilen tapawutlandy.

 

Berdimyrat KAKAÝEW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Akdepe etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

19 Iýun 2025 | 17 okalan

WATANYMYZYŇ BAGTYÝAR NESILLERI

19 Iýun 2025 | 12 okalan

ÝURDUMDA ÝAŇLANÝAR ÇAGA GÜLKÜSI