Bu dünýäniň manysy, gelşigi, ynsan kalbynyň buýsanjy, ýürek mähri, baky egsilmejek söýgüsi, ynsan ömrüniň dowamaty körpeje, eýjejik, kalby arassa, sadadan akylly, naşyja, ullakan dünýä baky bagty eçilip bilýän päk göwünli, güler ýüzli, nurana çagajyklarda jemlenendir. Çünki çagajyklar ýylgyrsa, älem ýüzi baky bahara öwrülýär. Olaryň ýylgyryşlarynda jady bar, yssy mähir bar, nurana gözlerinde ýaşaýyşa umyt uçgunjyklary bar. Adamzat nesliniň dowamaty, ynsan ömrüniň bezeg-zynaty bolan körpejeler biziň her birimiziň ýagty geljegimizidir, geljege bolan umydymyzdyr. Her bir dünýä inen çagajyk ata-enesine gör, niçeme bagt, niçeme şatlyk eçilýär. Aýratyn söýgi we mähir bilen gurşalyp alnan çaga bu ýagty jahana inen gününden başlap, maşgalanyň iň söýgüli, iň arzyly agzasy bolup, her bir ata-ene özüniň bar mährini şol çagajyga siňdirmäge çalyşýar, onuň geljegi barada aladalar edip başlaýar.
Halkymyz “Çaga eziz, edebi ondanam eziz” diýen parasatly pähimleri ýöne ýere döretmändir. Çünki çaga terbiýesi örän inçeden çylşyrymly. Ata-babalarymyz çagajyk entek ene göwresindekä terbiýeläp başlapdyrlar. Göwresinde mähriban çagajygyny göterip ýören ene çagajygyna özüniň iň oňat-gylyk häsiýetleri geçirmek üçin jan edipdir. Göwreli gelne halkymyzyň arasynda toýly gelin diýilýär. Toýly gelin göwresindäki çagajygynda oňat ahlak sypatlaryny terbiýelemek üçin özi diňe oňatlyklara ýaran bolupdyr. Özüni asylly, edepli, ýuwaş alyp barypdyr we goh-galmagaldan daşda bolupdyr. Bu bolsa, dünýä injek çagajygyň sagdyn kemala gelmegine gös-göni täsir edýändir. Dünýä inen çagajygyň iň ilkinji terbiýeçisi onuň ata-enesi, maşgala agzalary bolup durýar. Olar maşgalanyň iň körpeje agzasyny söýgi-mähir bilen gurşap alyp, onda iň gowy gylyk-häsiýetleri terbiýelemäge çalyşýarlar. Şu ýerde bellemeli esasy möhüm zatlaryň biri hem, kiçijek çagalar örän duýgur we syzgyr bolýarlar. Olar gören, eşden zatlaryny gaýtalaýarlar, sebäbi olar üçin bu dünýäniň açylman ýatan ähli syrlary gyzykly, her bir zat olarda bilesigelijiligi döredýär. Şonuň üçin, ata-ene çaga terbiýesine örän jogapkärçilikli çemeleşmeli, ilkinji nobatda bolsa, özleri çagalaryna görelde görkezmelidir. Çagalary dogry terbiýelemek olaryň geljekki ykbalyna gös-göni täsir edýär. Sebäbi kiçilikden görüm-görelde alan çaga geljekde ata-enesine rakyply, jemgyýetimize peýdaly, Watanymyza wepaly bolup ýetişýär. Bu bolsa, her bir ata-enäniň kalbynda besläp ýören arzuwy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ösüp gelýän ýaş nesilleri baradaky alada iň öňde durýan, möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Çünki ertirki gün ýurdumyzyň bu günki gazanýan üstünliklerini, ýeňişlerini dowam etdirjek, Watanymyzyň dünýä ýüzündäki at-abraýyny has-da arşa galdyrjak, ählitaraplaýyn ösüşlerimizi dowamlandyrjak biziň ýaş nesillerimiz bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ösüp gelýän ýaş nesilleriň kämil, giň dünýägaraýyşly, sowatly, bilimli, sagdyn, sazlaşykly ösüp kemala gelmekleri üçin ählitaraplaýyn giň mümkinçilikler döredilýär. Bagtyýar çagalygyň ülkesi adyny alan Watanymyzda çagajyklarymyzyň okap bilim almaklary, oňat dynç alyp, wagtlaryny manyly we peýdaly geçirmekleri üçin döwrebap çagalar baglary, orta mekdepleri, sport desgalary, sagaldyş we dynç alyş merkezleri yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Bagtyýar çagajyklar hem özleri barada edilýän aladalary bilip, oňa mynasyp jogap gaýtarmak üçin geljekde Watanymyza, il-günümize gerekli adamlar bolup, ýetişmek ugrunda çalyşýarlar.
Tomus paslynyň gelip ýetmegi bilen, çagalaryň arzuw edip garaşan iň arzyly, şadyýan günleri başlanýar. Tomus paslynyň ilkinji gününde Çagalary goramagyň halkara gününiň bellenilip geçilmegi çagajyklaryň şatlyklaryny goşalandyryp, olaryň buýsanç, guwanç duýgularyny artdyrýar. Durmuşymyzyň güli, bagt bagymyzyň gül-gunçalary bolan mähriban çagajyklarymyzy Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli mähirli gutlaýarys !
Goý, mähriban çagalarymyzyň ajaýyp gülki sesleri ýurdumyzda parahatçylyk ýaňy, asuda durmuşyň owazy bolup belentden ýaňlanyp dursun !
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň, körpejelerimiziň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary ugrunda tutýan döwletli tutumlary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun !
Gülşat GYLYJOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Akdepe etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.