Çaga durmuşyň güli, Watanyň geljegidir. Eşretli zamanamyzda döwletimiziň röwşen geljegi bolan çagalarymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, dörebap bilim almagy üçin hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerindäki bilim ojaklarynda täze tehnologiýalar giňden ornaşdyrylan. Olaryň oňat okamaklary, öwrenmekleri, edep-terbiýe almaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Geljegimiz bolan çagalary başdan bilime, asylly terbiýä ugrukdyrmak örän wajypdyr. Türkmen halkynyň baý medeni mirasy adamzadyň ruhy gymmatlykaryna uly gollanma bolup durýar. Edebi hazynamyz bolan rowaýatlar, ertekiler, pähimler, matallar çagalarda geçmiş taryhymyza buýsanç duýgusyny döredip, olary mertlige, halallyga, watansöýüjilige, adamkärçilige, dostluga, doganlyga çagyrýar. Ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň merdana pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin giň möçberli möhüm özgertmeler toplumlaýyn esasda amala aşyrylýar. Çünki döwrebap bilimli nesli terbiýelemek jemgyýetiň ösüşini, halkyň bagtyýarlygyny üpjün edýär.
Halkymyzyň milli medeniýetine siňen terbiýeçilik mekdebi halk döredijiliginiň ähli žanrlarynda giňden şöhlelenýär. “Kowusnama” eserinde, “Gorkut ata”, “Oguznama”, “Görogly” şadessanlarynda, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularynda, şeýle hem halk döredijiliginiň beýleki eserlerinde doly beýan edilýär. Döwletmämmet Azady ynsan gözelligi bolan medeniýeti, päk terbiýäni we arassa ahlaklylygy Magtymguly Pyragynyň aňyna çagalykdan guýýar. Akyldar şahyrymyz bolsa, pederinden öwrenen zatlaryny öz şygyrlarynda beýan edýär. Şahyr adamlar bilen medeniýetli sözleşmegiň, ilkinji nobatda, adamyň ahlak we ýokary adamkärçilik sypatlaryny häsiýetlendirýändigini nygtapdyr. “Sözleseň her ýana öwser bu tiller” diýýän beýik akyldar jemagatyň öňünde, köpçülik ýerlerinde, märekede söz sözlenende, ýerlikli, jaýdar aýdylan her bir sözüň adam mertebesini beýgeldýändigini, hoş sözlüligiň, beren sözüňi berjaý etmegiň adamlaryň göwnüni göterýändigini, olara mydama goldaw-hemaýat bolýandygyny beýan edýär.
Milliligimize siňen ynsanperwerlik, dogruçyllyk, adalatlylyk, kiçigöwünlilik, myhmanparazlyk ata-babalarymyzyň asyrlarboýy toplan durmuş-ýaşaýyş tejribeleriniň köpüsi hakyda ýollary arkaly biziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze pikirler, täze garaýyşlar bilen baýlaşyp, has-da kämilleşdirilýär. Dünýä derejesinde şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilip geçilýän “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzda hem çaga terbiýesinde şahyryň goşgulary biz – ýaşlara nusgalyk görelde hem ýörelge. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Çynar MÄMEDOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Daşoguz şäher Geňeşiniň bölüm müdiri.