ADY DÜNÝÄ DOLAN BEÝIK PYRAGY

      Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi etrabyň medeniýet merkezinde “Ady dünýä dolan beýik Pyragy” atly “tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlik çäresini geçirdi. 2024-nji ýylyň 17-nji maýynda mermer paýtagtymyz Aşgabatda Köpetdagyň eteginde bina edilen Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de ýadygärligiň ýanaşyk ýerinde “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy, Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysy çap edilen kitabyň halka ýetirilmegi mynasybetli taryhy wakalaryň ähmiýetini, mazmunyny ýaşlaryň arasynda wagyz etmek, bu babatda ýaşlaryň ýürek buýsançlaryny diňlemek maksady bilen geçirilen söhbetdeşlige etrabyň bilim, medeniýet ulgamlarynda zähmet çekýän öňdebaryjy ýaşlar gatnaşdylar. Onda Aşgabat şäheriniň gözel künjekleriniň birinde hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen gurlan akyldar şahyryň dünýädäki iň beýik ýadygärliginiň açylyş dabarasynyň ýokary guramaçylykly geçirilendigi, bu döwlet derejesindäki dabara diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem goňşy döwletleriň, dünýä ýurtlarynyň edebiýatçylarynyň, dilçi alymlarynyň, sungat söýüjileriniň gatnaşandyklary, şeýle  hem, akyldar şahyryň dünýä ýüzündäki iň beýik ýadygärligine ýanaşyk ýerde örän owadan seýilgähler toplumynyň gurulmagy, ol seýilgähler toplumynda dünýä edebiýatyna, sungatyna goşant goşan meşhur ýazyjy-şahyrlaryň, sungat ussatlarynyň hem heýkelleriniň oturdylmagynyň ýurdumyzda dünýä döwletleri bilen medeni aragatnaşyklaryň ýokary derejelere göterilýändigi, ýurdumyzda türkmen medeniýetini sungatyny dünýä ýaýmak bilen bir hatarda, dünýä halklarynyň medeniýetine, dünýä edebiýatynyň görnükli wekillerine belent sarpa goýulýandygynyň aýdyň subutnamasydygy barada giňişleýin söhbet edildi.

      “Tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik çäresine gatnaşyjylar türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyraga belent sarpa goýýan, akyldaryň dürdäne şygyrlaryny dünýä ýüzüne ýaýmakda, sebit halklary bilen medeni gatnaşyklary ýola goýmakda taýsyz tagallalary edýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsun aýtdylar.

 

Hudaýnazar MEREDOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar