Bütindünýä welosiped güni Türkmenistanyň başlangyjy bilen, 2018-nji ýylyň aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisinde esaslandyryldy. Onuň Kararnamasynyň awtordaşlary hökmünde 56 döwlet çykyş etdi. Bu Resminama iri gurama agza 198 döwletiň ählisi tarapyndan gyzgyn garşylandy. Munuň özi, Milli Liderimiziň teklipleriniň Milletler Guramasy tarapyndan uly goldawa eýe bolýandygynyň we ýurdumyzda sporty ösdürmek, olimpiýa hem-de bedenterbiýe-sagaldyş hereketini wagyz etmek, ekologiýa medeniýetini pugtalandyrmak ugrunda gazanylýan üstünlikleriň ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Bütindünýä welosiped güni parahatçylygyň we dostlugyň ilçisi hasaplanylýan sportuň örän giň mümkinçiliklerini öz içine alýan halkara baýramçylykdyr. Halkyň saglygy hakyndaky alada we adamlaryň bagtyýar durmuşy üçin ähli şertleriň döredilmegi hormatly Prezidentimiziň ýöredýän syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Amala aşyrylýan özgertmeleriň, durmuşa geçirilýän milli maksatnamalaryň we ägirt uly taslamalaryň özeninde döwletimiziň, jemgyýetimiziň baş gymmatlygy hasaplanylýan adamyň saglygynyň durýandygy bagtyýar raýatlaryň ählisine mälimdir.
Sport we sagdyn durmuş ýörelgeleri ynsana öz mümkinçiliklerini doly açmaga ýardam berýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz nusgalyk görelde görkezip, watandaşlarymyzy, aýratyn-da, ýaşlary hemişe bu ugra ruhlandyrýar. Garaşsyz ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty dünýä derejesinde ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak, şonuň bilen birlikde ruhy hem-de beden taýdan kämil ýaşlary kemala getirmek ugrunda bimöçber tagallalar edilýär.
Sport baradaky garaýyşlar Bitarap döwletimiz bilen BMG-niň strategik hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň möhüm şertleriniň biridir. Sport we bedenterbiýe döredijilik hereketlerini, olary durmuşa geçirmäge bolan maksada okgunlylygy höweslendirýän sagdynlygyň we güýç-kuwwatyň çeşmesidir. Welosiped sürmek sportuň ekologiýa taýdan arassa görnüşi bolup, ilatymyzyň beden saglygyny berkitmekde möhüm orny eýeleýändir. Şoňa görä-de, eziz Diýarymyzda welosiped sporty bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýandyr.
Goý, dünýäniň sport äleminde gülläp ösýän ýurt hökmünde eziz Watanymyzyň abraýy has-da belende göterilsin!
Bizi asuda, parahat durmuşda ýaşadýan döwlet Baştutanymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaç bolsun !
Azada ORAZOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Akdepe etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.