Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi Daşoguz şäher hassahanasynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy bilen bilelikde, «Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň Meýilnamasyndan ugur alyp, Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli, olaryň taryhymyz bilen ýakyndan tanyşmagyny, çuňňur öwrenmegini gazanmak, aň-düşünjelerini, ruhy döredijiligini has-da ösdürmek maksady bilen, Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine «Milli mirasymyz – terbiýäniň gözbaşy» atly şygar astynda gezelenç çäresini geçirdi. Gezelençde çagalar halkymyzyň ruhy-medeni gymmatlyklary, ata-babalarymyzyň bize galdyran miraslary, geçmişde yz goýan şahsyýetlerimiz, şöhratly taryhymyz, däp-dessurlarymyz, milli mirasymyz dogrusynda söhbet açýan maglumatlar, taryhy çeşmelerden söz açýan eksponatlar, fotosuratlar bilen tanyş boldular. Nesilden-nesle geçip gelýän milli kesp-kär, sungat eserleri, maddy we medeni gymmatlyklarymyz çagalarda has-da täsir galdyrdy.
Meýlis ATAÝEW,
TMÝG-niň Daşoguz şäher Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.