SAGDYNLYGYŇ WE RUHUBELENTLIGIŇ ŞUGLASY

      Bütindünýä welosiped güni ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, Ahal welaýatynda hem ruhubelentlik ýagdaýynda bellenip, oňa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat, etrap Geňeşleriniň işgärleridir işjeň agzalary uly höwes bilen gatnaşdylar.

      Änew şäherinde geçen welaýat derejesindäki welosipedli ýörişe gatnaşyjylar paýtagtymyzyň halkalaýyn aýlaw ýolunyň ugrundaky ýörite bellenilen ýerdäki «badalgadan» aýdym-sazly çykyşlar astynda welaýat merkezine tarap ýola düşdüler.Ýol çatrygyndaky aýlawda gurlan «Saglyk» binasynyň töwereginde giň gerim berlen sungat çykyşlary, şeýle-de «Buýsanç» çagalar medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki sport şüweleňi olarda göwün göteriji duýgulary döretdi. Bu gezekki köpçülikleýin welosipedli ýöriş ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerýändigini, welosiped sportuny özlerine hemra edinýänleriň sanynyň artýandygyny äşgär etdi.

      Änew şäherindäki Medeniýet öýüniň gabadynda, ýolugurdaky «pellehanada» köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşyjylar aýdym-sazly çykyşlar bilen garşylandy. Şol günki baýramçylyk çäreleri döwrebap sport mekdebinde sport ýaryşlary bilen dowam etdi.

Wepa ANNABERDIÝEW,

TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 25 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 48 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA