Ýakynda Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherindäki Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäginde ýurdumyzyň dutarçy bagşy-sazandalarynyň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň Ahal welaýat tapgyry geçirilip, oňa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat, etrap Geňeşleriniň wekilleri, welaýatymyzyň dürli ýerlerinden gelen ýaşlar işjeň gatnaşdylar.
Bäsleşige gatnaşyjylar, ilki bilen, amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklaryny, dutardyr gyjagyň dürli nusgalaryny, dutar ýasamak senetçiligine degişli gurallary öz içine alýan sergini synladylar. Soňra medeni ojagyň sahnasynda bäsdeş bagşy-sazandalaryň bäsleşigiň şertleri esasyndaky çykyşlaryna giň gerim berildi. Olar türkmen halk aýdym-sazlaryny, mukamçy kompozitorlaryň döreden eserlerini ýerine ýetirmek boýunça başarnygyny aýan edip, bäsleşige taýýarlykly gelendigini görkezdiler.
«Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň welaýat tapgyrynda bagşylaryň arasynda Gökdepe etrabyndan Kerwenmyrat Orazmyradow, Tejen etrabyndan Gülbahar Bagşyýewa, sazandalaryň arasynda Tejen etrabyndan Täçmuhammet Durdymyradow, Gökdepe etrabyndan Gurbanmuhammet Hojamgulyýew dagy ýeňiji bolup, jemleýji bäsleşige gatnaşmaga hukuk gazandy. Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň we welaýatymyzyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň sowgatlary gowşuryldy.
Gülälek ORANÝAZOWA,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň
Ak bugdaý etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.