AJAÝYP ESERIŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

     Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherindäki Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň, welaýatyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň, welaýat Medeniýet müdirliginiň, şeýle-de welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda «Magtymguly» atly kitabyň  tanyşdyryş dabarasy geçirilip, oňa welaýatymyzyň ýaşlary hem toý şatlygy bilen gatnaşdylar.

     Dabara «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly günlerinde «Magtymguly» atly kitabyň  çapdan çykyp, ildeşlerimize sowgat edilmegi bilen bagly ýürek joşduryjy çykyşlar boldy. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, şu şatlykly günlerde beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen goşgularyny özünde jemleýän «Magtymguly» atly kitabyň çapdan çykmagy  şanly ýylymyzyň buýsançly wakalarynyň üstüni ýetirdi. Dana atamyz Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini, edebi mirasyny öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak babatda taýsyz tagalla edilýän döwründe bu kitabyň çapdan çykmagy ildeşlerimiz üçin bahasyna ýetip bolmajak sowgat boldy.

     Dabara gatnaşanlar häzirki döwürde Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň baý medeni mirasynyň öwrenilmegine we giňden wagyz edilmegine uly üns berýän hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyna çäksiz alkyşlar aýdyldy. Dabara welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna utgaşdy.

 

Jeýhun SAPARGULYÝEW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň

Ak bugdaý etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 25 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 48 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA