ÝAŞLAR — GELJEGIŇ ÇYRAGY

      Ýakynda şeýle at bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrap Geňeşi tarapyndan etrap häkimliginiň mejlisler zalynda edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda  wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

         Ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak, ýaşlaryň ylymly-bilimli, watansöýüji, zähmetsöýer we ynsanperwer adamlar bolup ýetişmegini gazanmak, olaryň ýaramaz endiklerden daşda durmagyny gazanmak maksady bilen geçirilen duşuşykda  çykyşlara giň oru  berildi. Duşuşykda bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegi ýaş nesillerden ybaratdyr. Şoňa görä-de, häzirki döwürde ýaşlaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligi barha ýokarlanýar. Ýaşlaryň döwlet durmuşyna doly derejede gatnaşmagy üçin giň mümkinçilikleri döretmek, olaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini, şahsy başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasatynyň esasyny düzýär.  

         Duşuşygyň barşynda aýdylan gymmatly öwüt-ündewler ýaşlarda uly täsirleri döretdi. Oňa gatnaşanlar  ýaş nesliň bagtyýarlygy babatda döwlet derejesinde edilýän aladalar üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Söhbet HOJAMUHAMMEDOW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Bäherden

etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 25 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 48 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA