«BAGTYÝAR NESILLERDE» GEÇEN ÝARYŞ

      Ahal welaýatynyň garamagyndaky «Bagtyýar nesiller» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezi Gökdere jülgesiniň gözel künjeginde ýerleşmek bilen, häzirki günlerde ol ýerde tomusky dynç alyş möwsüminiň birinji tapgyrynda welaýatymyzyň dürli ýerlerinden gelen çagalaryň ýüzlerçesi wagtyny şadyýanlykda geçirýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşi, «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi hem-de welaýatyň beýleki jemgyýetçilik guramalary tarapyndan merkezde dynç alyp, saglygyny berkidýän çagalaryň arasynda guralýan sport ýaryşlary uly gyzyklanma eýe bolýar. Ýakynda ol ýerde «Biz berkarar döwletiň sagdyn nesilleri» ady bilen sportuň ýeňil atletika görnüşi boýunça geçen ýaryş hem uly täsirlere beslendi.

      Ýaryşda merkezde dynç alyp, saglygyny berkidýän çagalardan düzülen toparlaryň birnäçesi ukyp-başarnygyny görkezdi. Çekeleşikli duşuşyklara baý bolan ýaryşda çagalaryň çalasynlygy, erjelligi we ýeňiş gazanmaga bolan hyjuwy mese-mälim duýuldy hem-de ýaş nesliň sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerýändigi aýdyň ýüze çykdy. Onuň netijesinde «Bagtyýarlyk» topary ýeňiş gazanyp,  hormat hatyna mynasyp boldy.

 

Annamuhammet GULOW,

TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 25 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 48 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA