YLYM — BAGTYŇ ÇYRAGY

      Şeýle at bilen Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň, welaýat Baş bilim müdirliginiň hem-de welaýatyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Ylymlar güni mynasybetli maslahat geçirildi.

      Köp sanly ýaşlaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň we işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda geçen maslahat muzeý bilen tanyşlykdan başlandy. Olar muzeýe aýlanyp, türkmen topragynyň baý taryhynyň özboluşly beýany bolup durýan gymmatlyklar bilen tanyşdylar.

      Sergi bölümleri bilen tanyşlykdan soňra muzeýiň mejlisler jaýynda  öz işine başlan maslahatda şanly sene mynasybetli gutlag sözleri aýdylyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym binýadyny pugtalandyrmakda edilýän taýsyz tagallalar barada gürrüň edildi. Änew şäheriniň üstümizdäki ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen derejäni göterýändigi bilen baglylykda adamzat medeniýetiniň ilkinji ösen merkezleriniň biri hökmünde ykrar edilen Änewiň taryhy, bu gadymy topragy öwrenmek boýunça alnyp barylýan işler barada durlup geçilmegi has-da täsirli boldy.

      Maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzda ylym-bilime berýän üns-aladasy üçin  hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Mesgengylyç NURGYLYJOW,

TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 25 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 48 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA