“ÝAŞYL ÝAÝLADA” KIÇI FUTBOL ÝARYŞY GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Magtymguly  adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşiniň guramagynda  etrabyň Hywaabat jülgesinde ýerleşýän «Ýaşyl ýaýla»  çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde «Biz şadyýan nesiller»  ady bilen kiçi futbol boýunça ýaryş geçirildi.

Ýaryşyň  açylyş  dabarasynda  bagtyýar  çagalara  sport bilen yzygiderli meşgullanmak we sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek boýunça gymmatly ündewler aýdyldy hem-de üstünlik arzuw edildi. Bu bolsa çagalaryň ýeňiş gazanmaga bolan hyjuwyny artdyryp, ruhuny belende göterdi.

Merkeziň futbol meýdançasynda giň gerim alan ýaryş gyzykly duşuşyklara baý boldy. Merkezde dynç alyp, saglygyny berkidýän çagalardan düzülen toparlar özaralarynda bäsleşip, ukyp-başarnygyny görkezdiler. Netijede “Bagtyýarlyk” topary ýaryşyň ýeňijisi boldy. Ýeňiji bolan topara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Begli MÄMMEDOW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Kaka etrap

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 25 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 48 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA