Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen, Sarahs, Babadaýhan etrap birleşmeleriniň bilelikde guramaklarynda Tejen etrabyndaky Ýöriteleşdirilen dikeldiş merkezinde «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanan söhbetdeşlikde çykyş edenler şanly ýylda beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uludan bellenmeginiň ähmiýeti barada durup geçdiler. Bellenilişi ýaly, Magtymguly Pyragy Watanyny ähli zatdan eý görüp, ony has belentde goýupdyr. Akyldar şahyr hemişe Watany söýmegi, oňa wepaly bolup goramagy nesihat edip, ençeme eserleri döredipdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň şygyrlary watansöýüji nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde gymmatly hazyna bolup durýar.
Söhbetdeşlige gatnaşanlar paýtagtymyzyň gözel künjeginde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýligäh toplumynyň açylmagy bilen bagly ýürek buýsançly sözleri aýdyp, Magtymguly Pyragynyň döredijiligine çuňňur sarpa goýup, şahyryň edebi mirasyny dünýä ýaýmakda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
Aýnagözel ANNAMYRADOWA,
TMÝG-nyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap
Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.