ÝAŞ ALYMLAR SYLAGLANDY

Mälim bolşy ýaly, her ýylyň 12-nji iýunynda “Ylymlar güni” ýurdymyzda giňden bellenilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen döredilen bu sene ylym ulgamyny dünýä derejesine çykarmaga, zehinli alymlaryň işini höweslendirmäge we ylymy-tehnologik ösüşi ilerletmäge gönükdirilendir.

Şugün Ylymlar güni mynasybetli “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramaklarynda Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilýän bäsleşigiň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasy boldy. Bu bäsleşik zehinli ýaşlary – alymlaryň täze neslini ýüze çykarmaga ýardam edip, ylmyň dürli pudaklarynda barlaglary höweslendirmäge gönükdirilendir. Bäsleşikde jemi 107 sany ýaş alym ýeňiji bolup, olardan 30 sanysy I orna, 33 sanysy II orna, 44 sanysy bolsa III orna mynasyp boldular.

Ýaş alymlar bu bäsleşige:

  1. Nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika.
  2. Biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika.
  3. Maglumat aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary. Häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary.
  4. Innowasion ykdysadyýet.
  5. Ynsanperwer ylymlary ýaly ugurlar boýunça çykyş etdiler.

Ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijileri Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize ýaş nesil barada edýän ýadawsyz aladalary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edip, ýurdumyzda ylym-bilim ulgamlaryny okgunly ösdürmek babatda durmuşa geçirýän ynsanperwer syýasaty üçin tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar. Çärede ýeňiji bolan ýaş alymlaryň birnäçesi çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda berkarar Watanymyzyň ählumumy ösüşleri we ylym ulgamynyň gurluşy, ýurdumyzyň ylymda-bilimde gazanýan ösüşleri barada beýan etdiler.

 

Aýnabat ATAÝEWA,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY