Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy bütin Gündogaryň ruhy dünýäsinde giňden meşhurdyr. Onuň pähim-paýhasdan, akyl-parasatdan doly çuňňur pelsepä ýugrulan, ýokary çeperçilik ussatlygyny özünde jemleýän ajaýyp şygryýet ummany türkmen halkynyň, dünýä medeniýetiniň gymmatly genji-hazynasydyr. Hakykatdanam bu beýik ynsanyň kalbyndan çykan watançylyk, gahrymançylyk, ýokary ahlaklylyk, ynsanperwerlik baradaky şahyrana setirleri ýaş suratkeşlerimiziň hem döredijilik dünýäsine uly täsirini ýetirýär. Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak hem-de akyldar şahyryň çuň many-mazmunly eserlerini giňden wagyz etmek, onuň ruhy dünýäsine bagyşlap, kämil şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserlerini döretmek maksady bilen, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly bäsleşik sergisi geçirildi. Bu sergi Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan bilelikde geçirildi. Sergide çeperçilik sungatynyň nakgaşlyk, heýkeltaraşlyk, külalçylyk, zergärçilik we halyçylyk ugurlaryna degişli bolan işler görkezildi. TDÇA-nyň 6-njy ýylyny tamamlaýan uçurymlarynyň Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, isleg-arzuwlary hem-de ruhy dünýäsi bilen baglanyşykly bolan diplom işleri sergä aýratyn bezeg berdi. Olardan “Şekillendiriş sungaty” fakultetiniň “Nakgaşçylyk” kafedrasynyň talyplary Şeker Saparowanyň “Magtymguly”, Allanur Kurbangeldiýewiň “Magtymgulynyň Durdy şahyr bilen aýdyşygy” atly stanok işlerini, Şemşat Berdiýewanyň “Magtymguly” atly operasyna sahna bezegini, Parahat Ilbaýewiň “Magtymgulynyň şygyrlary ylham çeşmesi”, Tawus Çaryýewanyň Magtymgulynyň “Durasyň geler” atly atly goşgusyna bagyşlap döreden monumental eserlerini görkezmek bolar. Olarda şahyryň keşbi täzeçe pikirler hem-de çözgütler bilen jemlenen taslamalarda şekillendirilýär.
Ş.Saparowanyň “Magtymguly” atly stanok eserinde nusgawy şahyr Magtymguly halk köpçüliginiň arasynda, öz dogduk obasyna okuwyny tamamlap gelen pursaty hem-de obanyň ýaşy uly hem-de ýaşy kiçi adamlary tarapyndan mähirli garşy alnyp duran wagtynda suratlandyrylýar. Taslamanyň merkezinde Magtymguly şahyr egni kitapdyr kagyz salnan horjunly, iki sany aksakal ýaşuly hem-de oglanjyk bilen mähirli salamlaşýar. Olaryň töwereklerinde başga-da oba adamlary, zenanlar, çagalar hem suratlandyrylýar. Eserde dag tebigaty, obanyň ululy-kiçili jaýlary, kerwenden gelen düýeler, atlar, adamlaryň umytly garaýyşlary örän janly we ynandyryjy şekillendirilýär we açyk sary, goýy goňur, açyk goňur, gök, ýaşyl reňkleriň sazlaşygynda beýan edilýär.
T. Çaryýewanyň Magtymgulynyň “Durasyň geler” atly goşgusyna bagyşlap döreden monumental eserinde türkmen gözel gyzlary tebigatyň iň ajaýyp pursatynda, bahar aýy bilen bäs edýän ýaly şahyrana wasp edilýär. Üç bölekden durýan “triptih” taslamasynda akardan suw almaga gelen gyzlaryň joşgunly we şahyrana dünýäsi ýagty reňkler bilen açylyp görkezilýär. Ýaş suratkeş dury ýabyň boýunda, ýaşyl maýsalykda güllän erik agajynyň düýbünde gopuz çalyp oturan gyzlary şekillendirip, miniatýuranyň äheňlerine ýakyn gurnalan taslamany ulanýar. Eseriň ýerliginde ulanylan açyk sary reňk, ýumşak maýsalara we dury suwa açyk altynsow öwüşgini berýär.
Parasatly şahyr Magtymguly Pyragynyň türkmen halkyna beren edebi miweleri çäksizdir. Şol çäksiz miweler döredijilik bilen meşgul bolýan ýaş nesillerimize-de özüniň uly täsirini ýetirýär. Bu bolsa şahyryň sarpasynyň örän belentden-belent tutulýandygynyň aýdyň şaýady bolup durýar.
Göwher SAPARMYRADOWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň mugallymy.