Adamzat taryhynda ençeme açyşlar, oýlap tapyşlar amala aşyryldy we aşyrylýar. Dürli pudaklary öz içine alýan bu täze açyşlary has-da kämilleşdirmek maksady bilen, hünärmenler yzygiderli zähmet çekýärler. Häzirki wagtda hut şol pudak bilen gyzyklanýan bolaýmasaň, ol zatlaryň özgeriş tizligine ýetişmek diýseň kyn. Gün-günden kämilleşýän enjamlaryň biri hem goşar sagatlarydyr.
Goşar sagatlaryň taryhy bilen baglanşykly ençeme maglumatlar bar. Ýöne muňa garamazdan, taryhçylaryň aglabasy ilkinji goşar sagadynyň 1869-nji ýylda Patek Filip tarapyndan işlenilip düzülendigini habar berýärler. 1880-nji ýylda Konstand Girard bu goşar sagadyny has-da kämilleşdirip germaniýaly deňizçileriň takyk hereket etmeklerini gazanypdyr. Şol döwre çenli goşar sagadyny diňe zenanlar dakynýan eken. Taryhçylar goşar sagadyny erkekleriň hem dakynyp başlamagyna sebäp bolan gyzykly wakany şeýle düşündirýärler: Fransiýada ýaşaýan braziliýaly uçarman Alberto Santos üçin dünýäde iň uly bagt uçmakdy. Ýöne onuň sagat bilen bagly bir meselesi bardy. Şol döwürlerde gapaklyja jübi sagatlary ulanylýardy. Alberto Santos iki eli bilen uçary dolandyrýan wagty jübüsindäki sagada seretmäge mümkinçiligi ýokdy, ol uçuş wagtynda sagady bilmek üçin dosty Luis Kartiýerden kömek soraýar. Luis Kartiýer 1904-nji ýylda sagat ussasy Edmond Ýageriň ýardamy bilen, häzirki wagtda ulanylýan goşar sagatlarynyň iň takyk işleýän ilkinji görnüşini ýasaýar. 1906-njy ýylda täze rekord goýan Santos uçaryndan düşüp gelýärkä, wagty bilmek üçin goşaryndaky sagadyna seredende, onuň daşyndaky märeke bu geň sagady haýran galyp synlaýar. Şol wagtdan başlap, Luis Kartiýere yzly-yzyna goşar sagat sargyt edilip başlanýar. Kartiýer bu sagatlaryň üstünde işläp, olaryň önümçiligine başlaýar we 1911-nji ýylda ilkinji goşar sagat söwdasyny ýola goýup başlaýar.
Ilki-ilkiler goşar sagatlaryň işlemegi üçin yzygiderli tow berlip durulmalydy. Tow berilmezden işleýän ilkinji goşar sagatlary 1922-nji ýylda öndürilip başlanýar. 1930-njy ýyldan başlap, moda merkezlerinde hem özlerine orun tapan bu goşar sagatlary häzirki wagtda iň köp ulanylýan serişdeleriň biridir. Häzirki döwürde innowasion tehnologiýalardan erkin baş çykarýan ýaşlarymyz üçin has kämillişdirilip ýasalan android goşar sagatlary has-da uly islege eýe boldy diýsek hakykatdan daş düşmeris.
Taýýarlan: Gülşirin GAÝYPOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Akdepe etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.