TÜRKMEN MILLI OÝUNLARYNYŇ ÇAGA TERBIÝESINDÄKI ORNY

Her bir milletiň, döwletiň özboluşly däpleri, dessurlary, urp-adatlary, edim-gylymlary we milli ýol-ýörelgeleri bar. Her bir milletde çaga terbiýesine, nesil terbiýesine aýratyn üns berilýär. Türkmen halkymyz bäş müň ýyllyk taryhynyň dowamynda çaga terbiýesindäki millilik ýol-ýörelgelerini kämilleşdirip, halkymyz nesil terbiýesinde milli çaga oýunlaryna uly ähmiýet berip gelipdir. Ir döwürlerden bäri, halkymyz çagalary kiçilikden durmuşa uýgunlaşdyrmak, olaryň beden we ruhy taýdan sagdyn we sazlaşykly ösüp kemala gelmeklerini gazanmak maksady bilen, terbiýeçilik ähmiýeti uly bolan çaga oýunlaryna uly orun berip gelipdir. Çünki çaga oýunlary çagalar üçin diňe bir güýmenje bolmak bilen çäklenmän, eýsem ösüp gelýän ýaş nesli durmuşa taýýarlaýan mekdep bolup hyzmat edipdir. Oýunlar düzgün bolşy ýaly gyzykly, göçgünli we özüne çekiji bolup, halk terbiýesi hem şol ýörelgelere esaslanypdyr. Çagalara oýunlar arkaly sowat-bilim, ýetginjeklere we gyzlara däp-dessurlar arkaly durmuşda zerur bolan endikler öwredilipdir.

Şu ýerde milli oýunlaryň birnäçesiniň düzgünleri we ähmiýeti barada durup geçeliň.

Kiçi ýaşly oglanjyklaryň arasynda has ýörgünli oýun bolan “Aşyk” oýny oglanjyklardan çakganlygy, çeýeligi we şol bir wagtyň özünde ünsli bolmagy, sabyrlylygy talap edýär. “Aşyk” oýnunyň hem dürli görnüşleri halkymyzyň arasynda bellidir. Mysal üçin “Üç daban” aşyk oýny. Bu oýunda her oýunçynyň özüniň kenegi (Kenek – adaty aşygy agyrlaşdyrmak üçin onuň oýuk tarapyna gurşun guýlan görnüşi) bolýar. Onsoň oglanjyklar aşyklaryny uzyn bir çyzyga düzüp, bije atyp, oýunçylaryň yzygiderligini saýlap, her oglanjyk öz gezeginde kenegini uzyn bir hatar edilip, düzülen aşyklara tarap zyňýar. Hatardan üç daban süýşen aşygy oýunçy alýar. Üç daban süýşürip bilmese, ýene hatara goýýar we indiki oýunçy oýny dowam edýär. Şeýdip, iň köp aşygy ýygnan oýunçy ýeňiji bolýar.

Aşyk oýnuny kiçi ýaşly oglanjyklar oýnan bolsa, ulurak ýetginjek oglanlar “Çilik-hekgal” oýnuny uly höwes bilen oýnapdyrlar. Bu oýunda ýetginjek oglanlar giň meýdana ýygnanyp, öz ýanlary bilen uzyn taýagy (taýagyň boýy 70 sm. töweregi bolupdyr) hem-de uly bolmadyk ýörite taýýarlanan (boýy 25 sm.), iki tarapy uçly taýagy, ýagny “çiligi” getiripdirler. Ýeriň ýüzünde diametri 10 metre golaý bolan töwerek çyzypdyrlar. Onuň içinde bellik bolup, hyzmat edýän daşlar ýerleşdirilipdir. Ýeňlip barýan topar töweregiň daşynda ýerleşipdir. Toparyň öňbaşçysy çiligi eline alyp, ony ýokary zyňyp, taýak bilen urupdyr. Birinji gezek urup bilmedik ýagdaýynda, ikinji synanyşyga hukugy bolupdyr. Ikinji synanyşygy hem başa barmasa, onda ol taýagy toparynyň başga bir oýunçysyna  geçiripdir. Garşydaş toparyň oýunçysy çiligi howadaka tutup başarsa, onuň topary ýeňiş gazanypdyr. Onsoň toparlar ýerini çalşypdyrlar. Güýçli urgudan soň, çilik 100 metr aralyga çenli zyňylyp bilipdir. Ýeňlip barýan toparyň oýunçylarynyň biri çiligi ýerden galdyrypdyr we şol ýerden ony bellik goýlan tarapa zyňypdyr. Eger ol bellige düşse, topar ýeňipdir. Eger-de çilik diňe töwerege ýetse, ony yzyna zyňypdyrlar. Alyp baryjy toparyň oýunçysynyň çiligi eline almaga hukugy bolmandyr. Utulyp barýan topar çiligi ýene-de bellige tarap zyňýar. Bellige yzly-yzyna dört gezek degmese hem-de çiligi howadaka tutmasa, oýunçylar jerime utuklaryny alypdyrlar hem-de bir bitin utugy ýitiripdirler.   Görnüşi ýaly, bu oýun hem ýetginjeklerden çalasynlygy, çeýeligi we toparlaýyn hereket etmegi talap edýär. Bu bolsa, ýetginjekleriň beden taýdan sagdyn we sazlaşykly ösüp, özara dostluk gatnaşyklaryny-da berkitmäge ýardam beripdir.

         Gyzjagazlaryň arasynda uly höwes bilen oýnalýan oýunlaryň biri-de “Bäş daş” oýnydyr. Elbetde, gyz-gelinleriň, mähriban ejelerimiziň, hat-da kümüş saçly enelerimiziň çaga döwründe söýüp oýnan oýnunyň haýsydygyny sorasaň, olaryň her biriniň ilki bilen, “Bäş daş” diýip jogap berjegi ikuçsyzdyr. Sebäbi bu oýun örän gyzykly we özüne çekiji. Her bir gyzjagaz bu oýun üçin çagyl daşlaryň iň gowusyny saýlap alyp, ol daşlary hemişe aýap saklapdyrlar. Gyzjagazlaryň söýüp oýnaýan bu oýnunyň ähmiýeti barada durup geçenimizde, bu oýun gyzlaryň elleriniň on barmagynyň berkemeginde, çalasyn hereket etmeginde uly ähmiýete eýe bolupdyr. Bu oýny oýnaýan gyzlar daşlara örän erkin erk edip, bir daşy ýokary zyňyp, galan daşlary ilki bir-birden, soňra ikiden, soňra üçden, dörtden ýerden birikdirip almaly. Şeýdip, oýnuň hemme tapgyrynda daşy ýere gaçyrman, ýerdäki daşlary çöpläp bilen oýunçy ýeňiji bolýar.

         Ýokarda belleýşimiz ýaly, milli oýunlaryň her biriniň özüniň orny we ähmiýeti bar. Bu oýunlar arkaly çagalar kiçilikden durmuş endiklerini öwrenýär. Häzirki döwürde hem bu oýunlar mynasyp dowam edilýär. Ýöne ýeri gelende bellemeli zatlar hem bar. Ösen tehnologiýalar döwrümizde çagalar kiçilikden kompýuter, el telefonlary we beýleki oýun enjamlarynda oýunlara has köp üns berip başlady. Çagalary wirtual dünýäniň giňişliginden gorap, olary hakyky durmuş endikleri esasynda terbiýelemek möhüm bolup durýar. Çünki kompýuter oýunlary çaganyň bir ýerde hereketsiz oturyp oýnamagyna hem-de wirtual dünýäniň gahrymanlarynyň köpüsi çaganyň aňynyň zäherlenmegine getirip, olaryň beden we ruhy taýdan ösüşine ýaramaz täsir edip bilýär. Çagalarymyzyň ösüş döwründe olaryň aňyny zäherläp biläýjek zatlardan goramak olaryň ýagty geljegi üçin möhüm çözgüt bolup durýar. Ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine eýerip, çagalary milli oýunlar esasynda terbiýelesek, olaryň geljegine oňyn täsir edip, durmuş ýolunyň dürli döwürlerinde zerur bolan durmuş endiklerini öwrenmekligine özüniň oňyn täsirlerini ýetirip biler. Çünki bu oýunlaryň asly biziň ata-babalarymyzyň durmuşy ýol-ýörelgeleri esasynda düzülip, asyrlaryň dowamynda has kämilleşip, nesillerden-nesillere geçip gelýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ata-babalarymyzyň millilik ýol-ýörelgeleri mynasyp dowam edýär. Milli oýunlarymyz diňe bir çagalaryň arasynda giňden oýnalmak bilen çäklenmän, eýsem ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyk dabaralarynda, köpçülikleýin çärelerde dabaralandyrylyp, ähmiýeti artdyrylýar. Bu bolsa, elbetde türkmeniň ösüp gelýän ýaş nesilleriniň milli oýunlarymyzy mynasyp dowam etdirjekdikleriniň aýdyň mysaly bolup durýar.

         Bu günki gün halkymyzyň millilik ruhuny galkyndyryp, millilik ýörelgelerimizi bütin dünýä ýaýmakda uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar körpeleriň dillerinde sena bolup ýaňlanýar.

         Baky bagtyýarlygyň goýnunda ýaşaýan halkymyzy, döwletimizi rowaçlyklara besläp, ynamly öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň  hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutumly başlangyçlarynda hemişe rowaçlyklar baky ýaran bolsun !

 

Gülşat GYLYJOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Akdepe etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY