GURBAN BAÝRAMY – RUHY TÄMIZLIGIŇ HEM-DE YNSANPERWERLIGIŇ BAÝRAMY

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda täze taryhy döwrüň – Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda eziz Diýarymyz şatlykly, taryhy wakalara baý, toý-baýramlaryň mekanyna öwrüldi. Taryhy wakalardan ruhlanyp, şanly seneleri mynasyp dabaralandyrýan mähriban halkymyz ýene bir şanly baýramy – Gurban baýramyny garşy alýar. Köpasyrlyk däplerimize eýerip, bu mukaddes baýramçylyga bagyşlap, ýurdumyzyň ähli şäherdir obalarynda baý mazmunly, köpöwüşginli aýdym-sazly dabaralar geçirilýär.

Gurban baýramy külli musulman halklary bilen birlikde, türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda nesillerden-nesillere geçirip gelýän, aýratyn sarpalanýan, mukaddes baýramlaryň biridir. Gurban baýramy – ozaly bilen, maşgala baýramy, onda her öýde gurbanlyklar edilip, datly tagamlar taýýarlanylýar. Bu hoşmeýilliligiň we mähribanlygyň baýramy, adamlary birleşdirýän baýram.

Bu günki gün uly arzuw-umytlar bilen garşylanyp, ýagşy dilegler bilen bellenilýän Gurban baýramy agzybir halkymyzyň milli däp-dessurlary esasynda, täze röwüşde dabaralandyrylýar. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan nesilleriň ruhy terbiýesiniň we köňül tämizliginiň gönezligi bolan milli däp-dessurlarymyzy gaýtadan dikeltmek, olary döwrebap ösüşe ýugrup, durmuşa ornaşdyrmak üçin uly aladalar edilýär.

Külli musulman dünýäsiniň baýramy bolan Gurban baýramy günlerinde halkymyzyň agzybirligi, abadançylygy, eziz Diýarymyzyň berkararlygy, Gahryman Hajy Arkadagymyzyň, Arkadagly Hajy Serdarymyzyň ähli tutumlarynyň rowaçlygy üçin edýän doga-dilegleriňiz, ýagşy umyt-arzuwlaryňyz, berýän gurbanlyklaryňyz gudraty güýçli Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!

 

Ýazjemal BAZAROWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Daşoguz şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY