ÝAŞLARYŇ ÝÜREK BUÝSANJY

     Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen badalga alan ýaşlar syýasaty hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, häzirkizaman tehnologiýalardan, sanly ulgamdan baş çykaryp, kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin uly mümkinçilikler döredilýär.

     Bu gün meniň durmuşymda iň bagtly günleriň biri. Çünki bu gün maňa Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda yglan edilen ylmy işler boýunça bäsleşiginde «QR kody ulgamyny maglumat üpjünçiliginde peýdalanmak» atly ylmy işim bilen gatnaşyp, baýrakly 1-nji orny eýelemek, hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna eýe bomak bagty miýesser etdi. Muňa meniň begenjimiň, buýsanjymyň çägi ýok. Sebäbi, ýaşlara şeýle uly ynamyň bildirilýän ýurdunda okamak, öwrenmek, döretmek, uly bagtdan nyşandyr. Ylmy işime uly baha berilmegi meni täze ylmy gözleglere ruhlandyrýar.

     Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, eýýäm birnäçe ýyl bäri geçirilip gelinýän bu ylmy bäsleşik Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde guralyp, birnäçe zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam berýär.

     Türkmen ýaşlary – ylma, bilime yhlasly nesil. Muny Gahryman Arkadagymyzyň: «Türkmen ýigitleriniň we gyzlarynyň akyly jöwherdek ýiti bolmalydyr. Çünki siz özüni taýsyz zehini bilen dünýä tanadan halkyň neslisiňiz!» diýen pähim-paýhasa ýugrulan sözleri hem äşgär edýär. Sebäbi ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler, olaryň haýsy döwre, haýsy ulgama ýa-da ugra degişlidigine garamazdan, gönüden-göni ýaşlara hem dahyllydyr.

     Ýaşlar döwletimiziň geljegini gurujylar hasaplanylýar. Sebäbi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem belleýşi ýaly, ýaşlar döwletiň hereketlendiriji güýjüdir. Şeýle ynamdan ruhlanyp, biz – türkmen ýaşlary ýurdumyzyň ösüşine badalga boljak her bir işiň başynda durup, Watanymyzyň şanyna şan, şöhratyna şöhrat goşmak üçin okaýarys, döredýäris, beýik maksatlary öňde goýýarys.

     Şu pursatdan peýdalanyp, ýaşlar syýasatynyň dabaralanmagy ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän, biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdaryn! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, bütin adamzat ähmiýetli alyp baýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

Mämmetoraz ORAZBERDIÝEW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby,

ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijisi.

 

Meňzeş habarlar

19 Iýun 2024 | 1 okalan

PARASATLY PÄHIMLER

19 Iýun 2024 | 0 okalan

ATA KESBINIŇ DOWAMÇYSY