GURBANLYGYŇYZ KABUL BOLSUN!

      Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda şanly seneler, şeýle hem ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän däp-dessurlarymyz bilen bagly baýramçylyklaryň birnäçesi giňden bellenip geçilýär. Şeýle baýramçylyklaryň biri hem Gurban baýramydyr. Türkmenleriň milli ynsanperwerlik ýörelgelerine gabat gelýän bu baýram - hoşniýetlilige we päkýüreklilige çagyrýan mukaddes baýramçylyklaryň biridir.

      Gurban baýramy merdana, ruhubelent halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, ahlak-ynsan päkizeligini berkitmekde, milli mirasymyza, däp-dessurlarymyza sarpa goýmakda, uludan-kiçä hemmeleriň Watana bolan buýsanjyny artdyrmakda uly ähmiýete eýedir. Gurban baýramyny türkmen halky toý edip belleýär. Bu biziň ata-babalarymyzyň gadymdan gelýän adatydyr. Bu günki gün hem gadymy däp-dessurlarymyz dowam etdirilip, türkmen ojaklarynda Gurban baýramy agzybirlikde bellenip geçilýär. Ony her bir maşgala uly şatlyk, ruhubelentlik bilen garşylaýar. Gurbanlygyň öň ýanynda maşgala agzalary öýlerini, öý goşlaryny tämizleýär, arassalaýar. Şeýle hem maşgala agzalarynyň baýramçylyga niýetläp, täze egin-eşik edinmek däpleri bu baýramçylygy has-da dabaralandyrýar. Gurbanlykda her bir türkmen ojagynda mal soýlup, dürli tagamlar taýýarlanylýar. Aýratynda, türkmeniň milli tagamlary – dograma, palaw, köje, börek, petir, gatlama ýaly tagamlar türkmen saçaklaryny bezeýär. Şol günler adamlar ýakynlaryna, dostlaryna we goňşularyna myhmançylyga barýarlar, saçagy giňden ýazyp, sadaka berýärler, myhman kabul edýärler. Ýaşlar toý lybasyny geýip, köpçülikleýin hiňňilliklerde uçýarlar, aýdym-sazly çärelere gatnaşýarlar.

      Ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlarymyzy dowam etmäge giň ýol açyp beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan döwletli tutumlary rowaç alsyn!

 

Şamyrat PIRMÄDOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Köneürgenç etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY