AGAÇ UZYN BOLSA, KÖLEGESI DÜŞER

     Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda mähriban Watanymyzda ösümlikler dünýäsiniň goralyp saklanylmagy, rejeli peýdalanylmagy we üznüksiz köpeldilmegi hem-de ykdysady-serişdelik kuwwatynyň artdyrylmagy ugrunda maksatnamalaýyn we toplumlaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy toprakasty we sazlaşykly howa gurşawynda dürli maddalar bilen iýmitlenip ösýän, tebigatyň ösüşine işewür gatnaşýan medeni we ýabany ösümlikler baradaky ylmy taglymatlara, tebigat gözellikleriniň suratlandyrylyşyna we güneşli Diýarymyzyň sagdyn ekologiki gymmatlyklary baradaky ýörelgelere, taryhy maglumatlara hem-de durmuş keşbiniň hakykatlaryny öz içine alýan çeper söz senedindäki waspnamalara, salgylanmalara, tarypnamalara, meňzetmelere we şahyrana setirleriň ajaýyp nusgalaryna baýlygy, özüneçekijiligi bilen aýratyn tapawutlanýar. Dananyň hümmetli we hyrydarly eserlerinde ýer ýüzünde ýaşaýşyň mukaddeslikleriniň jemi birligine, bitewiligine gatnaşýan gülleriň we agaçlaryň, suwarymly ekerançylyk ekinleriniň atlarynyň milli, halkara, sebitleýin häsiýetli onlarça görnüşleri, ösümlikler dünýäsine bolan watançylyk ylhamyň we söýgüniň baý tejribeleri, nusgalyk paýhas gözýetimleri hem-de ussatlyk  sapaklary köp duş gelýär. Sözlerden dürler ýasan ussadyň şygyrlarynda  ösümlikler şalygy bilen bagly biologiki, botaniki we tebigy gymmatlyklaryň meňzeş we umumy häsiýetleri şahyryň 150-ä golaý eserlerinde täsin çeper aňlatmalar, özüneçekiji tymsallar, gyzykly edebi-taryhy jemgyýetçilik   deňeşdirmeler, allegoriki simwollar we täze çeperçilik çözgütler arkaly aňladylýar hem-de olar üç dile mahsus görnüşde – türkmen, pars, arap sözleýiş we ýazuw  medeniýetiniň leksiki galyplary arkaly şöhlelenýär. Şahyryň döredijiliginde wasp edilişi boýunça tebigatyň biologiki şalygyna degişli bolan ösümlikleriň atlarynyň  köp ýyl ýaşaýan görnüşleri birinji orunda durýar. Muňa mysal hökmünde, söz senetkäriniň şygyrlarynda duş gelýän badam, serwi, dagdan, ýowşan, hoz, injir, söwüt, hurma, gamyş, ýowşan, serçemen, alma, nar, zagpyran, narynjy (apelsin), turunjy (pyrtykal) ýaly ösümlikleriň atlaryny agzamak bolar. Şygryýet dünýäsiniň soltany Magtymguly Pyragynyň goşgularynda ösümlikleriň ýaşaýşy, ösüşi, hasyla duruşy, gözelligi we ýakymly yslary boýunça sünbül, sürme (ösümlik boýaglary), nerkes, läle (çigildemli düzler), şemşat, nahal, çemen, agaç, gök otlar, maýsa,  elwan, suluw (görkli), nebat (ähli ekinleriň görnüşleri), azergun (doýgun, gyrmyzy reňkli gül), sirket (miweleri suwly erginler), ryzwan (baglaryň sakçysy), bişe (tokaý agaçlary), ala dal (syrdamly, sagdyn, uzak ýaşaýan agaçlar), semer (ýylyň dowamynda gök öwsüp, möwsümleýin gunçalaýan ösümlikler), rebi (ýaz paslynyň keşbini bezeýän ösümlikler), zakgun (ajy ösümlikler), arguwan (owadan, jadylaýan, hümmetli ösümlikleriň dürli reňkli gülleri), sebze (janly ýaşyl, gök reňkli ekinler), burundyk baglar (ýaşy boýunça garry we geçmesi kyn, çyrmaşykly baglar), ebr (ýaz ýagyşlarynyň ösümlikleri ýuwmagy), zenjebil (uzyn ýaprakly ekinler), tiken (käbir ösümlikleriň gyýylçagynyň ýiti ujy), läle, tohum, nahal, bal, sähra, çemen, lisan, gülüstan, hasyl, bazar, dükan ýaly söz düzümleri, şahyrana goýazylygy güýçlendiriji leksiki birlikler gündogar çeperçilik däplerinde orun alan nusgalarda has-da işjeň, dowamly ulanylýar. Şahyryň  gazallarynda ösümlikler dünýäsi 12 görnüşde – baglar, ýakymly ysly, owadan,  müşk ýaly ýalkawly güller, sowsan (ähli gülleriň ugurlary), reýhan (bahar paslynyň gülleri), bostan (owadan ösümlikleriň toplumy), gülzar (gülleriň köpgörnüşli nusgalarynyň biten ýaýlasy), Erem bagy (taryhda adamzat tarapyndan döredilen ilkinji we şöhratly bagyň nusgasy), şejerler (ähli agaçlaryň uruglary), anbar (bilbiliň yşkyny ýesir edýän gülleriň zülpleri), tokaý, hasyl berýän, saýa salýan, senagat, oba hojalyk maksatly däneli ekinler ýaly toparlary öz içine alýar. Dünýä edebiýatynyň sözler köşgüniň tylla tagtyna emirlik edip   şygyr sungatynyň şirin, nepes edilen bilbiline meňzeýän Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynda bag we agaç sözleriniň many gatlaklarynyň galyplary göçme, asyl sanda 10-a golaý, köplük sanda 20-den gowrak görnüşlerde, dilleriň arap, pars we oguz sözlerinde 300-den gowrak sözlerde, kyssalarda ýörgünli  aňladylýar. Yzzatly we ylahy ýalkawly setirleriniň çawy ähli döwürlerde alyslar aşyp gelýän Magtymguly Pyragynyň eserlerinde ösümlikleriň, ekinleriň reňkleri ýaşyl, zerli, zerewşan, leýmun, syýa, gyrmyzy, gyzyl, gülgün, zeberjet, zöhre, zümerret, zeňňi, lagl, sara, pöwrize, surhy, zenehdan... kysmy görnüşlerde, zynatly keşplerde çeper teswirlenýär. Ömürlere ylhamyň jomartlyk nurlaryny, ykballara sahawatyň mübärek joşgunyny paýlaýan şahyryň hikmetli gazallarynda, munazaralarynda, meňzetmelerinde we muammalarynda orun alan «Kükeýip bark urar anbaryň ysy», «Daýym ömrüm ötüreýin, beren bahar paslyňda», «Ol ekindir ýaşyl-gyzyl öwüsýän», «Bag içinde şejer atlyg bir arguwany bardyr», «Harmanlar gyrasynda», «Isterem ýygam däne», «Kimleriň bagynda bitmiş enary», «Şejerler bitmiş bagynda», «Bagda biten alma bilen narynda», «Seýran etsek gunçasyna, gülüne», «Hub şejerler boý çekipdir», «Ol ne agaç altmyş iki pudagy», «Menzilgähi bag-u bossan», «Dürli miwe beren baglar», «Bag içre ýesir bolmuş, bilbil bakyň, sünbül bilen», «Bagyňa girsem säher, bilbil bolup salsam oýun», «Toty, bilbil mesgen tutan, howaly baglar görner», «Girsem baryp söwer dostuň bagyna», !Bilbilge intizardyr bag içinde güllerim», «Andalyp sen bag içinde», «Gülşenli serçemen diýip aglar men», «Otursam agaçlar bile», «Bilbiller saýraýan howaly baglar», «Bahar pasly çykan nebat dünýädir», «Bilbil mesgen tutan baglar», «Agaç uzyn bolsa kölegesi düşer», «Ýerden çykan agaçlar», «Bostan seýri her bir adama höwesdir», «Girdim baga bütin dünýä harç edip», «Bag içre saýraşan şeýda bilbiller», «Her bagyň bir bagbany bar», «Gury agaja ýaprak bitmez», «Bir ýaprak çykarmy guran söwüde», «Bag içinde gül-gülmi sen, näme sen?», «Ekseň bar getirmez ol gury söwüt», «Dünýäde müň tanap baglaryň bolsa», «Bagbançy bagy neýlesin, bagynda nary bolmasa», «Bilbile jeňňel bag bolmaz», «Tokaýlary bardyr gargy-gamyşly», «Başaşak asdylar kaýsy agajy»... ýaly jünbüş keşpli, parasatly, jümjüme setirleri günüň gülgün jemaly bilen jübütleşýän tebigat peýzažynyň, Watana bolan egsilmejek söýgüniň, ösümlikleriň  gymmatynyň we ähmiýetiniň ajaýyp çeper beýanydyr. Döwürleriň küýseýän, halkyň ezizleýän, milletleriň sarpalaýan aryfy Magtymguly Pyragy ösümlikleriň  gözelligini, tebigat bilen ynsan zähmetiniň sazlaşygyny, umumy ykbalyny kerem, lezzet, sahylyk, hoştaplyk, düşbülik, syrdaşlyk, wepalylyk, ösüş, agzybirlik, rowaçlyk, Gögüň güýji, durmuş hazynalarynyň gözbaşy, kalp tämizligi, durmuşyň ebedilik jemaly, bagtly döwürleriň we döwranlaryň hasylly pursatlary, mistiki we mifiki poeziýanyň sapaly eşreti, deňagramly önümçilik berekediň başlangyjy, gorly tebigatyň gudraty derejesinde arşa galdyrýar. Uzak asyrlaryň jemgyýetçilik rowaçlyklarynyň sakasy bolup gelýän, durnukly ösüşiň we durmuş abadançylygynyň naýbaşy sütüni hasap edilýän, adamlaryň ömür dowamlylygyny ýokarlandyrýan we nesilleriň ählumumy zähmet galkynyşlarynyň üstünliklere beslenmegine, ylmy başarnyklarynyň, durmuş tejribeleriniň taplanmagyna uly badalga berýän, romantiki häsiýetden janly peýzaž dünýäsini, gujurly simwoliki hemralygy açýan beýik söz zergäriniň «Ynsan ýaratdy» atly şygrynyň dokuzynjy bendindäki:

 

Gara ýerden ýaşyl sebze gögerdip,

Her agaçdan dürlük miwe çykardyp,

Gün-günden baglaryň miwesi artyp,

Gül açylyp, bag-u bostan ýaratdy

 

     - diýen setirleri ösümlikler dünýäsiniň ähli görnüşleriniň, biologiki köpdürliliginiň şahyrana sözdäki we çeper dildäki ensiklopediýasy bolup ýaňlanýar.

     Çeper söz bagynyň bagbany Magtymguly Pyragynyň dury zehin bulagy bilen suwarylan, gudrat galamynyň akabasyndan kemal tapan, paýhasyň sahawat daragtyna meňzeýän setirleriniň gülşenli nahallarynyň kuwwatly kökleriniň şahalary, çemen baglanan bossanlary ählihalk mähribanlygynyň saýasynda gunçalaýar, köňüller köşgünde güllän reýhanlary köpleri perwana edýär, miwelän çuwal-çuwal hasylynyň şirinlik tagamy ähli bäsdeşlerinden ozup, alys yklymlarda bark urýar.

     Ülkämiziň tebigy baýlyklaryny öwrenmek, gorap saklamak we  baýlaşdyrmak üçin köptaraply, döwrebap işleri alyp barýan, ýaşaýyş durmuşymyzyň ýokarlanmagy hem-de abadan geljegimiziň röwşen ertirleri üçin taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

 

Dädebaý PÄLWANOW,

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap

häkimliginiň hünärmeni.

Meňzeş habarlar