ATA KESBINIŇ DOWAMÇYSY

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda sport ulgamynyň ösmegi, türkmen sportunyň dünýä ýüzünde belent derejelere göterilmegi ugrunda guwandyryjy netijeler gazanylýar.  Ynsan saglygyny gorap saklamakda iň bir ygtybarly serişde hasaplanýan sporty ýaşlaryň gündelik hemrasyna öwürmek, berk bedenli, ruhy hem-de beden taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmeklik döwletimiziň ileri tutulýan syýasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu babatda durmuşa geçirilýän çäreleriň oňyn netijelerini türkmen ýaşlarynyň sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilýän döwlet we halkara derejeli ýaryşlarda gazanýan üstünliklerinde aýdyň görmek bolýar.

     Ýaşlygyna garamazdan, sportuň milli göreş görnüşine gaty yhlasly ýapyşyp, öz üstünde köp işläp, birnäçe ýaryşlara gatnaşyp, öňdäki orunlara mynasyp bolan ýaş türgenlerimiziň biri hem, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň 8-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Serdar Gazakowdyr.

     Ýaş pälwan Serdar Gazakowyň sportuň bu gürnüşini saýlamagynda, gazanan üstünlikleri barada berýän gürrüňlerine görä, onuň kakasynyň täsiri uly bolupdyr. Onuň kakasy Öregeldi Gazakow hem ýaşlygyndan milli göreş bilen meşgullanyp gelipdir. Türkmen aga toý tutsa, ol toýda hökman göreş hem bolaýmaly. Türkmen toýlaryny bagşysyz, göreşsiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Öz obalarynda, etrabyň beýleki obalarynda, goňşy etraplarda göreşli toýlarda deň-duş pälwanlary bilen göreşip, ýeňiş gazanýan Öregeldi pälwan, oglunyň hem bu sport görnüşine yhlaslydygyny duýup başlansoň, ýuwaş-ýuwaşdan Serdara göreş tutmagyň tärlerini, usullaryny, göreşde uanylýan emelleri öwretmäge başlaýar. Has ýaşlygyndan, kakasy ýaly pälwan bolmagy arzuw edýän Serdar hem kakasynyň we beýleki uly ýaşly pälwanlaryň öwredýän emellerini pugta öwrenýär. Ilki-ilkiler oba arasynda öz deň-duşlary bilen göreşende saýlanyp başlan Serdar, soň-soň mekdepde, etrapda mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän ýaryşlara gatnaşyp başlaýar. Öz üstünde ýadawsyz işlemegi, erjelligi, yhlasy, ýeňişe bolan berk ynamy Serdara üstünlik getirýär.

      “Türkmenistan” ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň hödürlemeginde “Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly XIII Spartakiadanyň düzüminde milli göreş boýunça ýaryşyň etrap, welaýat derejelerinde mekdep okuwçylarynyň arasynda 62 kg. agram derejesinde çykyş edip, 1-nji orna mynasyp bolýar. Bu ýaryşyň döwlet derejesine hem gatnaşyp, şol agramda çykyş edip, 3-nji orna mynasyp bolmagy başarýar. Bulardan başga-da, üstümizdäki ýylyň mart aýynda Görogly etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň 2006 – 2010-njy ýyllarda doglan ýaş türgenleriň arasynda sportuň milli göreş görnüşi boýunça yglan eden ýaryşynda 60 kg. agram derejesinde çykyş edip, 1-nji orny eýeleýär. Ýene-de, mart aýynda sportuň milli göreş görnüşi boýunça Daşoguz welaýatynyň çempionatynda çykyş edip, 3-nji orna mynasyp bolýar. Şeýle etrap, welaýat, döwlet derejelerindäki ýaryşlara gatnaşmagy, öňdäki orunlara mynasyp bolmagy ýaş pälwany hasam ruhlandyrýar, öz üstünde has hem köp işlemeklige, döwlet derejesinde, halkara derejesindäki ýaryşlara gatnaşyp, ýurdumyzyň sport abraýyny belende götermeklige itergi berýär.

     Halkymyzyň asyrlar aşyp, dowam edip gelýän milli sport görnüşi bolan milli göreşiň döreýiş taryhy öz gözbaşyny has gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Bu sport görnüşi halypadan şägirde, nesillerden-nesillere geçirilip, häzirki döwrümizde hem hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, has-da rowaçlanýar. Bu sport görnüşine höwesli ýaşlaryň sany ýylsaýyn artyp barýar. Öz kakasynyň halypalyk etmeginde sportuň bu görnüşi boýunça üstünlikleriň ýoluna gadam basan Serdar Gazakowe geljekde hem uly-uly üstünlikler, ýeňişler ýaran bolsun!

 

Kamolbek SOBIROW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY