HALKARA YLMY ÝAŞLAR MASLAHATYNYŇ ÇÄGINDE GEÇIRILEN BÄSLEŞIGIŇ ÝEŇIJILERI SYLAGLANDY

     2024-nji ýylyň 11-14-nji apreli aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan Federal Uniwersitetinde (KFU) guralan Halkara ylmy ýaşlar maslahatynyň çäginde geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolan Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekilleri sylaglandy.

     Ýeňijileri sylaglamak dabarasy ylymlar güni mynasybetli her ýyl geçirilýän ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynyň çäklerinde geçirildi.

     Bäsleşigiň ýeňijileri:

  1. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Nebitgazgeçirijilerini we nebitgazyň saklanýan ýerlerini taslamak, gurmak we ulanmak kafedrasynyñ mugallymy Gadam Garaýew;
  2. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Fizika we elektronika kafedrasynyñ mugallymy Gülälek Nuraýewa;
  3. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Nebit we gaz fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Ilýa Lurýew;
  4. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Muhammet Rahmanow;
  5. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Nebit we gaz fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Begli Begliýew.