«TALYP JOŞGUNY — 2024» ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALYNYŇ JEMLEÝJI TAPGYRY GEÇIRILDI

      Milli medeniýetimizi hemmetaraplaýyn ösdürmek baradaky döwlet derejesinde alnyp barylýan tutumly işler halkymyzyň, aýratyn hem, ýaş nesliň ata Watanymyza, şöhratly taryhymyza, milliligimize bolan buýsanjyny artdyrýar.

     Düýn “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň arasynda «Talyp joşguny — 2024» atly döredijilik festiwalynyň jemleýji tapgyry uly ruhubelentlik bilen geçirildi.

     Döredijilik festiwalyna ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, mugallymlar hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.