Gurban baýramy yslam dünýäsinde aýratyn ähmiýet berilýän mübärek baýramlaryň biridir. Bu sene aglaba döwletleri bilen birlikde, biziň Watanymyzda hem ýokary derejede toýlanylyp, toý çärelerine giň orun berilýär.
Gadymdan bäri aýratyn sarpalanýan Gurban baýramynyň milli senenamamyzdaky ähmiýetli seneleriň sanawyna girizilmegi ata-babalarymyzyň ajaýyp ýol-ýörelgeleriniň täze röwüşde birkemsiz dowam etdirilýändiginiň alamatydyr. Bu sene mynasybetli obalarymyzda, şäherçelerimizdir şäherlerimizde aýdym-sazly dabaralar geçirilýär, bagtyýar maşgalalarda dürli dümen naz-nygmatlar bilen bezelen toý suprasy giňden ýazylýar. Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat we Ak bugdaý etrap Geňeşleriniň bilelikde guramagynda Änew şäheriniň bagtyýar maşgalalarynyň birnäçesiniň döwletli ojaklarynda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Ýaşlyk» teleýaýlymy üçin Gurban baýramynyň bellenilişi dogrusynda gepleşik taýýarlanyldy.
Gepleşigiň dowamynda bagtyýar maşgalalarda gurbanlygyň bellenilişi, baýramçylyk tagamlarynyň taýýarlanylyşy, supranyň bezelişi we myhmanlaryň garşylanylyşy barada söhbetli görnüşler ýazgy edildi. Ýaşlar guramasynyň işgärleri bu telegepleşigiň täsirli bolmagy üçin tagallalaryny gaýgyrmadylar.
Maýsa MYRADOWA,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň işgäri.