GURBAN BAÝRAMY AHALDA GIŇDEN TOÝLANÝAR

      Gurban baýramy Ahal welaýatynda hem milli öwüşginli dabaralara utgaşyp, uludan bellenilýär. Päkligiň, dogruçyllygyň,  agzybirligiň, ynsanperwerligiň we jebisligiň toýy hökmünde aýratyn ähmiýet berilýän bu toýuň dabaralaryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýýaşlar guramasynyň welaýat, etrap Geňeşleriniň işgärleri, welaýatymyzyň ýaşlary uly joşgun bilen gatnaşýar. 

      Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky “Türkmeniň ak öýi” binasynda bolan baýramçylyk dabarasy täsirli duýgulara peşgeş berdi.  Owadan bezelen sahnada welaýatymyzyň medeniýet, sungat we sahna ussatlarynyň  ýerine ýetiren baýramçylyk aýdym-sazlarynda, tans-halk döredijilik   çykyşlarynda   ata Watanymyzyň, beýik döwrümiziň, dost-doganlygyň   waspy belentden ýetirildi.  Joşgunly çykyşlaryň her biri  toýçy märeke tarapyndan dowamly el çarpmalar bilen gyzgyn garşylandy.

      Ol ýerde dürli mazmunly sergiler guraldy, sportuň milli görnüşleri boýunça ýaryşlara orun berildi.  Hatar guran bezemen heňňilliklerde ýaşlar bat alyp uçdy.

 

Merdanaly ORAZBERDIÝEW,

TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 25 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 48 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA