Kaka etrabynyň Hywaabat jülgesindäki «Ýaşyl ýaýla» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsümini ruhubelentlikde geçirýän çagalaryň arasynda dürli medeni, sport-sagaldyş çärelerini guramakda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat we Kaka etrap Geňeşleri tarapyndan mynasyp tagallalar edilýär. Ýakynda ol ýerde «Sport — sagdynlyk we ruhubelentlik» ady bilen geçirilen sport ýaryşy hem şeýle çäreleriň biri boldy.
«Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi bilen bilelikde guralan ýaryşda çagalar ýeňil atletika, şaşka, tanap çekmek, hereketli oýunlar boýunça erjelliklerini görkezdiler. Sporty hemra edinýän sagdyn ruhly, berk bedenli nesliň kemala gelýändigini alamatlandyran ýaryşyň netijesinde «Abiwerd» topary ýeňiji boldy. Ýeňijilere ýörite baýraklar gowşuryldy.
Merdan ÇARYÝEW,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşiniň işgäri.