BEÝIK SUNGAT

     Türkmen halysy türkmen tebigatyndan gözbaş alýar. Türkmeniň nepis halysy adamzat taryhynyň genji-hazynasy, gözellik ummany bolup, taryhyň dürli döwürlerinde döredilen ýokary çeperçilikli nusgalary özünde jemleýär. Haly sungatymyzyň milli ruhy bolup, ol halkymyzyň taryhyndan, milli aňyýetimizden, türkmen topragynyň gözelliklerinden gözbaş alýar. Haly sungaty gözellik kanunyna laýyklykda ösýär, kämilleşýär.

     Türkmen topragy tebigy boýaglaryň mekany. Halynyň nagyşlaryna siňen onlarça boýaglaryň utgaşmasy halkymyzyň boýagçylyk senediniň täsin syrlaryny we usullaryny öz içine alýar. Halylarymyzyň dünýä derejesinde uly meşhurlyga eýe bolmaklygyna olaryň diňe bir owadan, solmaýan reňklere boýalandygy däl-de, eýsem reňkleriň tebigy sazlaşmagy, boýagçylyk ussatlygynyň kämilliginiň orny uludyr.

     Türkmen gelin-gyzlarynyň el-hünärleriniň gudraty bolan haly sungaty berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly belentlige göterildi. Halkyň haly sungatyna bolan hormaty, halylaryň sarpasy artdy. Türkmenistanyň döwlet baýdagynda we döwlet tugrasynda türkmen haly gölleriniň ýerleşmegi, şeýle hem, döwlet derejesinde türkmen halysynyň baýramynyň giňden bellenilmegi, haly önümçiligini ösdürmek maksady bilen, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň işiniň giň gerime eýe bolmagy halkymyzyň, döwletimiziň bu gudratly sungata sarpasynyň nyşanydyr.

     Eli çeper gelin-gyzlarymyz türkmeniň nesil dowamatydyr. Kemine şahyr:

Meniň dilim, seniň eliň hünäri,

Nusga bolup galsyn ilden-illere

     - diýmek bilen, halyny çeper poeziýa eserine deňäpdir, gelin-gyzlarymyzyň el hünärine uly hormat goýupdyr. Biz öz nusgalyk nagyşlarymyzy gözümiziň göreji deýin gorap saklamalydyrys. Ol nusgalar türkmen gelin-gyzlarymyzyň çeperçiliginiň ýokary ussatlygyny görkezýän uly hazyna. Geçmişden miras galan keçe-haly, el keşdelerimiziň nusgalarynyň türkmen gelin-gyzlarynyň taryhda yz galdyrmagyna sebäp bolan bolsa, ol gadymy nusgalar bu gün biziň erkana durmuşymyzy bezeýär. Ol nusgalar günsaýyn kämilleşip, türkmeniň inçe sungatynyň nepisliginde öz dowamatyny tapýar. Bu türkmeniň nesil dowamatydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň islendik edebi, medeni baýlyklaryny gorap saklaýşy ýaly, haly sungatynyň mukaddesligini gorap saklamak we şu günki ösüp gelýän ýaş nesliň aňyna guýmak biziň mukaddes borjumyzdyr. Sebäbi haly türkmeniň ýedi hazynasynyň biri.

     Türkmen halkynyň haly sungatyna söýgüsi belentdir. Haly, palas, kilim we beýleki dokma önümleri türkmeniň öýüniň bezegi bolupdyr. Nusgawy edebiýatymyzda hem bu hormat giňden wasp edilýär. Magtymguly Pyragy:

Gonmak täze ýurda ýagşy,

Haly, düşek törde ýagşy

– diýýär.

     Türkmende haly dokamak sungaty Oguzhan atamyzyň döwründen bäri dowam edýär. Türkmen halysy barada XIII asyrda ýaşan italýan syýahatçysy Marko Polo şeýle ýazýar: “Bu ýerde... iň nepis we owadan halylar dokalýar, şonuň ýaly-da, bijaý gowy, gymmatbaha gyzyl we başga reňkli matalar, başga-da köp zatlar öndürilýär.” Biziň haly sungatymyz XIII asyrda şeýle derejä ýeten bolsa, onuň köküniň has uzaklardan gaýdandygy subutnama talap etmeýär.

     Türkmeniň her bir tiresiniň haly nagşynyň aýratynlyklary bar. Ol her bir tiräniň aýratynlyklaryny, alamatlaryny özýne siňdiripdir. Bu barada Mahmyt Kaşgarynyň, Reşideddiniň, Abulgazynyň tire-taýpalar baradaky taryhy maglumatlary bize gollanma bolýar. Asyrlardan-asyrlara aşýan nagyşlar her döwrüň özi barada gürrüň berýär. Haly nagyşlary hem düşünýän adam üçin edil gadymy ýazuw ýadygärliklerimiz ýalydyr. Ýöne gelin-gyzlarymyz ýürek owazlaryny harp bilen däl-de, nagyş bilen ýazypdyrlar. Häzirki döwürde döreýän berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň täze nagyşlary hem türkmen haly sungatynyň taryhynyň täze sahypasyny açýar. Asyrlardan aşyp gelýän nagyşlar durmuşyň syrlaryny açmaga, taryhda bolan özgerişleri öwrenmäge ýardam edýär. Ol türkmen zenanynyň gözellige düşünişini, ruhy dünýäsiniň, aň-düşünjesiniň derejesini açyp görkezýär. Türkmen zenanynyň dünýä medeniýetine we sungatyna nähili goşant goşandygyna we goşýandygyna buýsanjyň artýar. Türkmen zenany öz arzuwlaryny, umydyny, şatlyk-gaýgysyny öz çitimlerine siňdiripdir.

     Türkmen halysynyň gurluşyna üns berseň, ol biziň ýaşaýan dünýämize meňzeýär. Ol ýeri aňladýan “toprak” nagşyndan başlanýar. Soňra älem-jahany aňladýan “älem” nagşy ýerleşýär. Güni aňladýan “gölçe” nagşy halynyň merkezinde ýerleşýär. Ýyldyzlar, aý, dag-deňizler bolsa, halynyň gyra nagyşlarynda ýerleşýär.

     Oguz hanyň Dag han, Deňiz han atly ogullarynyň ady ýer bilen baglanyşykly. Türkmen halysy hem “toprakdan” başlanyp, halyda “ýaşylsuw”, “aksuw” atly nagyşlar bar. Gün han, Aý han, Ýyldyz han, Gök han atly ogullary asman bilen baglanyşykly atlar bolup, umuman, bu atlar tebigat bilen baglanyşykly. Halyda hem “Gün nagşy”, “Aý”, “Aýgädik”, “Ýyldyz nagşy” ýaly nagyşlar bolýar.

     Türkmen halysy nepisligi, inçeligi, ajaýyplygy bilen tapawutlanýar. Ony synladygyňça, bu sungatyň örän taryhy nukdaýnazardan gaýdýandygyna we belentligine düşünýärsiň. Onda gelin-gyzlaryň ýürek owazy bar. Onuň nepis nagyşlary ýürekden çykýan köňül nagyşlary. Ol sungaty mukaddes saklamak we geljekki nesillere ýetirmek her bir türkmeniň borjy. Ol halkymyzyň milli buýsanjy. Bu milli buýsanjymyza guwanmak bize Garaşsyzlygymyzyň beren bagty. Ýaş gyzjagazlaryň halynyň inçeligine höwes edip, çuňlaşdyryp öwrenmekleri haly sungatynyň türkmeniň ganyna siňen milli hünäridigine şaýatlyk edýär.

 

Arzygül JOMARDOWA,

B.Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyby,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar