Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi, Gurban baýramy mynasybetli, «Toýlara beslenýär eziz Diýarymyz, Siziň bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyz!» ady bilen, welaýatyň Görogly etrabynyň Magtymguly geňeşliginiň Ýalkym obasynyň ýaşaýjysy, etrabyň 36-njy orta mekdebiniň mugallymy, Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy Aýbibi Arazdurdyýewalaryň döwletli maşgalasynyň baýramçylyk saçagynyň başynda söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşlikde Gurban baýramynyň aýratynlyklary, milli däp-dessurlarymyz barada giňişleýin we buýsançly gürrüňler edildi. Toý saçagynyň başyndakylar ata-babalarymyzdan biziň günlerimize gelip ýeten milli baýramlarymyzy uludan toýlamaga ähli şert-mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýüreklerden çykýan alkyş we hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Bu söhbetdeşlik “Ýaşlyk” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.
Orazgül AMANMÄMEDOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat
Geňeşiniň bölüm müdiri.