BUÝSANÇ KELAMY

     Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ýurdumyzyň çäginde mydama zehinli ýaşlaryň gözleginde bolup, olaryň ukyp-başarnyklaryny, döredijilik zehinlerini ýüze çykarmak üçin netijeli çäreleri alyp barýar. Ýüregi Watan diýip urýan, yhlasly, watansöýüji ýaşlaryň sany barha artýar. Ýaşlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçiliklerini wagyz etmekde, dünýä ýaýmakda joşgunly zähmet çekýärler. Muňa näçe diýseň, mysal getirmek mümkin.

     Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň S.Türkmenbaşy etrap Geňeşi etrabyň çägindäki ýaşlaryň arasynda ýygy-ýygydan dürli mazmundaky duşuşyklary yzygiderli geçirip gelýär. Geçirilýän dabaraly çäreleriň ählisine guramanyň işjeň agzalary höwes bilen gatnaşýarlar. Şeýle duşuşaklara gatnaşanymyzda, ýaşlaryň buýsançly çykyşlaryny diňläniňde, hünärmen hökmünde Watanymyza bolan söýgümiz has-da artýar. Şeýle duşuşyklaryň birinde ýüregi joşgunly ýaşlaryň biriniň aýdan ajaýyp jümleleri henizem hakydamda: “Men şeýle bagtyýar zamanada ýaşaýandygyma çäksiz buýsanýaryn. Men geljek-de hem badymy gowşatman, höwes bilen, yhlas bilen zähmet çekerin. Men Galkynyşly eýýamyň bagtyýar ýaşlarynyň biridigime begenjimiň çägi ýok” diýen çuň manyly sözleri, ajaýyp goşgusy hemmäniň buýsanjyny has-da artdyrdy.

     Ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyklykda ylym-bilim almagyna, hünär öwrenmegine, sagdyn nesiller bolup ýetişmegine we özleriniň ýagty geljegini gurmaklaryna mümkinçilik döredilýär. Şeýle ajaýyp şertlerden ruhlanýan türkmen ýaşlary döredijilik we zähmet äleminde ýokary netijeleri gazanyp, hemmetaraplaýyn kämilleşýärler.

      “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine laýyklykda, bilim edarasyny tamamlap, ýaňy işe kabul edilen ýaş hünärmenleriň girdeji salgydyny ýeňillikli tölemek, telekeçilik bilen meşgullanmaga isleg bildirýän ýaş telekeçileri goldamak, taslamalary döretmäge ukyply ýaşlar üçin binägärlik taslamalaryna, taryhy ýadygärlikleriň durkuny täzelemek taslamalaryna gatnaşyp, zehinlerini görkezmek mümkinçiligini döretmek ýaly özboluşly täze kadalaryň girizilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

     Taryha nazar salsak, 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda hem Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde umumy sapak geçip, döwletimiziň şöhratly taryhy, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi, ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň hem-de ata-enäniň öňündäki borçlary barada ýaşlara öwüt-nesihatlaryny berdi. Ine, 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde ýaşlarymyz bilen duşuşyp, döwür hakda, şu günki asuda, abadan durmuş hakda hem-de bagtyýar geljek hakda özüniň pähim-paýasyndan binýat bolan täze ajaýyp şäheriň kaşaň binasynda pikir alyşýar, gymmatly nesihatlaryny beýan edýär. Bu taryhy duşuşygyň Bilimler we talyp ýaşlar gününe hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagyna gabat gelmegi ýaşlaryň durmuşynda möhüm taryhy waka öwrülýär. Gahryman Arkadagymyzyň çuň manyly taryhy çykyşy, diňe bir talyplar, okuwçylar üçin nusgalyk gollanma mekdebi bolmak bilen çäklenmän, her bir kärde zähmet çekýän ýaşlar üçin, biziň her birimiz üçin watançylyk sapagydyr.

     Ýaşlaryň şu günki bagtyýar durmuşy ertekilerdäki durmuş hakykatyny ýatladýar. Şeýle hakykaty amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýaşlaryň alkyşlary çäksizdir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

Mährijemal TOÝMÄDOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

S.Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar