21-NJI IÝUN – GÜLÜŇ HALKARA GÜNI

      Häzirki wagtda adamlar gülleriň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýarlar hem-de bu ugur bilen içgin gyzyklanýarlar. Özünde uly gyzyklanmany döredýän hem-de meşhurlyga eýe bolan orhideýa güli öý we iş otaglarynyň penjirelerinde bezeg görnüşinde goýulýan söýgüli gülleriň birine öwrüldi. Şeýle meşhurlygyň sebäbi nämekä ? Onuň esasy sebäbi bu gülüň haýran galdyryjy görnüşi, bezeg aňsatlygy hem-de uzak gülleýan döwri bolup durýanlygydyr. Orhideýa ösümliginiň tebigy mekany Demirgazyk-Gündogar Awstraliýanyň, Günorta-Gündogar Aziýanyň we Filippinleriň çygly düzlükleri we dag tokaýlarydyr. Ol ilkinji gezek 1895-nji ýylda aýratyn jyns hökmünde nemes botanigi Karl Ludwig Ritter fon Blume tarapyndan suratlandyryldy. Orhideýa uzyn baldakly we iki hatarda düzülen, 3-5 sany uly etli ýaprakly ösümlikdir. Bu gülüň reňkleri, ýapraklarynyň ululygy we görnüşi bilen tapawutlanýan 70-e golaý dürli görnüşleri bardyr.

      Orhideýa ösümliginiň esasan-adaty (uzynlygy 1 metre çenli) we miniatýura (uzynlygy 30 santimetre çenli) diýen iki sany görnüşi bardyr. Onuň gülleri ekzotik kebeleklere meňzemek bilen, dürli ululyklarda we şekillerde bolýar. Onuň güllemeginiň dowamlylygy bolsa, ortaça 4 aýa çenli dowam edýär, bu hem amatly şertlerde ýylda 2-3 gezek gülläp bilýän orhideýanyň görnüşine we dürlüligine baglydyr. Tebigy ýagdaýda orhideýa ösümliginiň agaçlarda ösýänligi üçin ol öý şertlerinde ösdürilip ýetişdirilende, öýde mikroklimatyň döredilmegi zerurdyr. Onuň ýaşamagy üçin amatly gurşawyň döredilmegi sagdyn we owadan gülleri ösdürip ýetişdirmekde ilkinji ädimdir. Munuň üçin, ilki bilen, ösümligi ýerleşdirjek ýer saýlanyp alynmaly. Şeýle hem, esasy üns bermeli zatlaryň biri, kadaly temperaturanyň bolmagydyr. Bu ösümligi ýylyň dowamynda 18-25 º С aralygynda saklamak maslahat berilýär. Öý şertlerinde orhideýa ösümligi ösdürilip ýetişdirilende, suw bilen üpjün edilişi onuň ekilen topragynyň çyglylygy gurandan soň amala aşyrylýar. Howanyň çyglylygy bolsa 30-40 göterim bolmaly we otag gowy şemallandyrylmaly. Ony wegetatiw ýol bilen köpeldip bolýar.

 

Azada ORAZOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Akdepe etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2024 | 940 okalan

HINDISTANYŇ GÜLLER DÜNÝÄSINE SYÝAHAT

26 Sentýabr 2024 | 951 okalan

ÝOL ASUDALYGY – IL ABATLYGY

26 Sentýabr 2024 | 950 okalan

SAGLYGYM – BAŞ BAÝLYGYM