PARASATLY PÄHIMLER

  • Alym – ylym eýesi, jemgyýet – alym eýesidir.
  • Arassalyk, päkizelik ynsapdan çykman, halallyga gol ýapmakdyr.
  • Alym bolmak aňsat, adam bolmak kyn.
  • Allanyň öňünde imanyň, milletiň öňünde zähmetiň seniň iň uly güwäňdir.
  • Akyl nämäni buýursa, dil şony diýer.
  • Akyl – ylmyň şinesidir, zehin – tohumydyr.
  • Akyllylygyň şerti sagdynlykdyr.
  • Aklyň iň ýokary derejesi – parasatdyr.
  • Adamzat jemgyýeti ylymsyz, adam akylsyz ýaşap bilmsez.
  • Kitap – adamyň paýhasynyň maddylaşmagydyr.
  • Bilim altyndan gymmat.
  • Adamyň akyllysy dil öwrener.
  • Adamdan ýalňyz bir ýadygärlik galýar, ol hem onuň bitiren işleridir.
  • Sahy berenini aýtmaz, mert sözünden gaýtmaz.
  • Baýlygyň sakasy – saglyk.
  • Akyldan artyk baýlyk ýok, saglykdan gymmat zat ýok.
  • Bir sözle, iki diňle.
  • Köp sözüň azy ýagşy, az sözüň – uzy.
  • Bagta zähmet bilen ýetilýändir.
  • Bilim – ilden özüňe almakdyr, sarp etmekdir. Ylym – özüňden ile bermekdir, döretmekdir.

 

Taýýarlan: Serwi GUWANJOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Boldumsaz etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY