DÜNÝÄNIŇ ONLAÝN ŞÄHERI

      Şweýsariýanyň demirgazygyndaky ýerleşýän dünýä belli “Akylly şäher” hasaplanýan Sýurih şäheri “Smart city index”-de dünýäniň iň akylly şäherleriniň sanawynda öňdäki orunlary eýeläp gelýär. Limmat derýasynyň kenaryny bezäp oturan bu şäher Uetliberg bilen Sýurihberg daglarynyň arasyndaky jülgede  göreni haýran edýän ýaşyl tebigaty bilen her birimiziň ünsüni özüne çekýär.

      Sýurih Şweýsariýadaky iň uly maliýe merkezi hasaplanýar. Köp sanly ätiýaçlandyryş kompaniýalarynyň we banklarynyň merkezi şu ýerde ýerleşýär. Şunlukda, bu şäheriň durmuş derejesi boýunça dünýäde ikinji, dünýäniň iň gymmat şäherleriniň sanawynda bolsa, dördünji orny eýeleýändigi aýratyn bellärliklidir.

      Sýurih dünýäde öz ýaşaýjylaryna has ýokary durmuş üpjünçiligi eýe gurşawy döredilen şäher hökmünde tanalýar. Ýol hereketi bu ýerde turuwbaşdan elektronlaşdyrylandyr. Ýokary tizlikli internediň ähli ulgamlary giň köpçülige has amatly hyzmatlaryň ýüzlerçesini hödürleýär. Elektrik ulaglary üçin ýörite zarýad berýän elektroawtomobil nokatlary hem köpdür. Ähli ulgamlarda ýaşaýjylar üçin oňaýly bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, onlaýn görnüşde elektron nobata durmak hyzmatlary ýola goýulandyr. Bu hyzmatlar wagt hem hil babatda ýaşaýjylar üçin has amatlydyr. Döwlet edaralary hem öz nobatynda, ýaşaýjylaryň islendik ýüz tutmalaryny onlaýn bellige alýar hem-de iş tertibi hem onlaýn görnüşde amala aşyrylýar.

      Howanyň hapalanmagynyň öňüni almak maksady bilen, jemgyýetçilik ulaglarynyň hereketine ýokary derejede üns berilýär. Gaýtadan işleýän senagat kärhanalarynyň işi ekologiýanyň arassalygyny üpjün etmegiň talaplaryna laýyklykda işleýär we bu meseleler döwletiň hemişe üns merkezinde durýar. Kärende almak hyzmatlarynyň ýokarydygyna garamazdan, bu hyzmatlaryň ýerine ýetirilmeginde internediň ýokary tizlikli mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylýar. Lukmançylyk hyzmatlary hem doly elektronlaşdyrylan görnüşde ýerine ýetirilýär.

      Akylly şäherler boýunça dünýä belli bilermen Bruno Lanwiniň pikirine görä,  akylly şäheriň manysy, nirede ýaşajakdygyňyzy saýlanda, saglyk we bilim, şeýle hem durmuş derejesi ýaly hyzmatlaryň ýokary derejede durýandygynda görünýär. “Howa meselesi has möhüm bolup dursa-da, saglyk meselesi aýratyn orunda bolmagynda galýar. Bularyň hemmesi täze halkara dartgynlylygy bilen çylşyrymlaşdy” - diýip belleýär.

      Akylly şäherleriň sanawynda Sýurihiň iň ýokary ornuna saglyk we howpsuzlyk, mümkinçilik, işjeňlik we dolandyryş ugurlary yzygiderli güýçli ballaryny saklap gelýär.

 

                Taýýarlan: Altyn HOJAMOWA,

Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynyň

pensiýa gaznasy bölüminiň işgäri, TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY