Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri – ajaýyp zamana. Şu ajaýyp zamanamyzyň her bir güni bagtyýarlyga beslenýär. Bagtyýar günlerimiziň her biri Gahryman Prezidentimiziň oňyn özgertmeleriniň, bagtyýar başlangyçlarynyň agzybirlik we tutanýerlilik bilen durmuşa ornaşdyrylmagynyň netijesinde şanly wakalara beslenýär.
Häzirki döwürde Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäniň ykdysady taýdan ösen döwletleriniň hatarynda barýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyz döwletimiziň ähli ugurlarda uly ösüşler gazanmagyna öz oňyn täsirini ýetirdi. Şeýle ösüşler biziň ylym-bilim ulgamymyzda hem durnukly saklanýar. Ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny ulanmak häzirkizaman ösen döwletleriniň ynamly öňe gitmeginiň hökmany şertidir. Dünýä bileleşiginiň ösen ýurtlarynyň düýpli ylmy barlaglar ulgamynda öňdeligi eýelemäge çalyşmagy täze döwrüň özboluşly aýratynlygy bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, häzirkizaman türkmen ylmynyň okgunly ösüşi diňe bir uly durmuş-ykdysady ähmiýete eýe bolman, eýsem, biziň ýurdumyzy täze tehnologiýalary işläp taýýarlaýan ýurtlaryň hataryna goşmak babatda möhüm orun eýeleýär. Şonuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň ak mermerden gurduryp, ulanmaga beren Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde ýaş hünärmenlere tejribeli alymlaryň ýolbaşçylygynda öwrenmäge, döretmäge, ylym dünýäsi bilen meşgullanmaga ähli mümkinçilikler döredilendir.
Şeýle hem Tehnologiýalar merkezinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän we bir ulgama birikýän elektron kitaphana bar bolup, ýaşlara okaýyş medeniýetini öwretmek, kitaplaryň üsti bilen häzirkizaman tehnologiýalary öwrenmek, dünýäniň dürli ýurtlarynyň kitaphanalaryndaky kitaplary okap bilmek, şeýle-de, dürli görnüşlerde çap edilen kitaplary okamak has amatly bolar ýaly, skaner enjamynyň kömegi bilen kompýutere geçirmek mümkinçilikleri üpjün edilendir. Elektron kitaphananyň hyzmatyndan peýdalanýan her bir okyjy özüne gerek bolan ýazgylary, suratlary we maglumatlary örän çaltlyk bilen tapyp alyp biler. Kompýuterler bilen doly üpjün edilen çaphanada ylmy tehniki we ýokary okuw mekdepleri üçin zerur kitaplary neşir etmäge hem ähli mümkinçilikler bardyr.
Tehnologiýalar merkezinde ylymda gazanylan netijeleri önümçilige ornaşdyrmak boýunça birnäçe pudaklaryň arasynda bilelikde hem ylmy işler alnyp barylýar. Şeýle hem, dürli döwletleriň ylmy-tehnologiki edaralary bilen bilelikde, ylmy işleri ýerine ýetirmäge hem mümkinçilikler bardyr.
Biz, ýaş hünärmenler, Gahryman Prezidentimiziň ýurdumyzy has-da ösdürip, halkymyzy bagtyýarlykdan-bagtyýarlyga alyp gitmekde bitirýän taryhy işlerini goldap, Watanymyzyň ylym-bilim binýadyny berkitmäge öz mynasyp goşandymyzy goşarys. Türkmen halkynyň eşretli durmuşda ýaşamaga, dünýä derejesinde bilim alyp, döwrebap tehnologiýalarda işlemäge we ylymda täzelikleri döretmäge mümkinçilik döreden Gahryman Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik başlangyçlary dowamat-dowam bolsun!
Mährijemal TOÝMÄDOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
S.Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.