ÄÝNEK BARADA GYZYKLY MAGLUMATLAR

      Ilkinji äýnegiň nirede oýlanyp tapylandygy barada müňlerçe pikirler bolup, esasy maglumatlarda rimlileriň kiçi zatlary ulaldyp görkezýän tegelek aýnaly guraly ulanandyklary aýdylýar. XII asyrda hytaýly kazylaryň hem gözüni örtüp duran enjamlardan peýdalanandyklary barada ýazgylar bar. Taryhy maglumatlara görä, ilkinji dakylýan äýnegi XIII asyrda italiýaly Salwino Darmati oýlap tapýar. Bu äýnek iki sany ýönekeý tegelek aýna böleklerinden düzülip, agaçdan uzyn tutawajy bolupdyr. 1700-nji ýyllarda äýnegiň gulaga ildirilýän bölegi oýlanyp tapylyp, oňa «elsiz äýnekler» diýlip at berilýär. XVIII asyrda gaýçy ýaly ýygnalýan jübi äýnekleri ýörgünli bolup başlaýar. 1800-nji ýyllaryň başynda görüş bulaşyklygyny düzetmek üçin özboluşly linzalar işlenip düzülip, äýneklere oturdulyp başlaýar. 1900-nji ýyllarda esasan äýnekleriň daşky görnüşine üns berilýär. 1929-njy ýyldan başlap Gün şöhlesini yzyna serpikdirýän, lukmançylyk taýdan tassyklanan ýalpyldamaýan gündelik äýnekler öndürilip başlanaýar. 1980-nji ýylda döwülmeýändigi we ýeňildigi bilen tapawutlanýan plastik linzalaryň oýlanyp tapylmagy bilen äýnekler döwrebap görnüşe geçýär.

      Häzirki wagtda döwrebap tehnologiýalar bilen ugurdaş ösdürilýän äýnekleriň ýygylygy serpikdiriji, gün şöhlesinden goraýan, görşi gowulandyrýan hem-de 3 ölçegli görnüşleri bar. Äýnekleriň linzasy we reňki taýdan tapawutlanýan müňlerçe görnüşi bolup, olaryň köpüsi daşky görnüşinden biri-birine meňzeýär. Adamlaryň köpüsi äýnek saýlanlarynda gelşigine we berkligine seredýärler. Günden goraýan gara äýneklerden ýüzüňe gelişýänini we gözüňi doly ýapyp duranyny saýlamaly. Eger-de gözüňizde bulaşyklyk dörese ýa-da kelläňiz agyrsa, onda ol äýnegiň size laýyk gelmeýändigi. «Bu ýagdaý wagtlaýyn, äýnege öwrenşip giderin» diýip pikir edýän bolsaňyz ýalňyşarsyňyz, sebäbi birinji gezekde göze laýyk gelmedik äýnek, soňlygy bilen gözüň zeperlenmegine, görşüň peselmegine çenli getirip bilýär. Nädogry äýnek saýlasaňyz, görüş bilen bagly käbir meseleler döräp biler. Gözüňizde guraklyk, gijilewük we agyry peýda bolmagy mümkin. Adamlaryň käbirisi gyş paslynda howanyň bulutly we garly günlerinde hem äýnek dakynyp gezýärler. Bilermenler gyş aýlarynda gara äýnek dakynmagyň örän zyýanlydygyny belleýärler. Sebäbi Günüň gar tozgalaryna düşüp, ýylpyldaýan şöhlesi äýnekden geçip, göze ters täsir edýär. Eger-de gyş paslynda ýa-da howanyň bulutly we çygly günlerinde hem äýnek dakynmak isleseňiz, onda reňksiz äýneklerden özüňize görä oňaýlysy saýlaň. Garaňky günlerde-de reňkli äýnekleri dakynmak maslahat berilmeýär.

 

Baýmyrat DÖWLETGELDIÝEW,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY