ÝAŞ ALYMLARYŇ ÝÜREK BUÝSANÇLARY

12-nji iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýaşlaryň arasynda her ýylda Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilýän ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiziň adyndan Şahadatnamalary we gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşige ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynyň, pudaklaýyn edaralaryň we önümçilik birleşikleriniň işgärleri, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, mekdep okuwçylary, şeýle-de ylmy işe höwesli dürli hünärdäki ýaşlar gatnaşdylar. Şu ýyl ylmy bäsleşige ýaşlaryň 1 müň 670-si gatnaşyp, özleriniň ylmy-barlag işleriniň ähmiýetlidigini subut eden ýaşlaryň 107-si has tapawutlanyp, bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edildi.

Şeýle ajaýyp ýeňişden serpaýly bolan ýaşlar özleriniň ýürek buýsançlaryny beýan etdiler:

Ýangiljon PALÝAZOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy:

  • Yhlasy myradyna gowşup, arzuwlary wysal tapan ynsan dünýäde iň bagtly ynsandyr. Biz türkmen ýaşlary bagtly ýaşlar. Çünki ýurdumyzda köňülde beslän ähli arzuwlarymyz amala aşýar.

Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň guramagynda Türkmenistanyň ýaşlaryň arasynda geçirilen ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijisi bolup, hormatly Prezidentimiziň Şa Serpaýyna mynasyp bolmak bagty maňada nesip etdi. Meniň begenjimiň, buýsanjymyň çägi ýok! Men bu bäsleşige «Şorlaşan ýerlerde günebakaryň ösüşine, hasyllylygyna, hasylyň hiline dökünleriň täsiri» atly ylmy işim bilen gatnaşdym. Häzriki wagtda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmäge, tebigaty gorap saklamaga uly ähmiýet berilýär.

Men hem geljekde ýurdumyzyň oba hojalygyny mundan beýläkde ylmy esasda ösdürmeklige, ýaş oba hojalykçy hünärmenleri kämil derejede taýýarlap ýetişdirmekde öz mynasyp goşandymy goşjakdygyma ynandyrýaryn.

 

Wepa SARYÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň aspiranty:

  • Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy täze wezipeleri durmuşa geçirýär, şeýle hem ylmyň dolandyrylyşyna we maliýeleşdirilişine täzeçe çemeleşmeleri talap edýän hil taýdan täze derejede iş alyp barýar. Olar Watanymyzyň ylmyny bazar ykdysadyýeti şertlerine uýgunlaşdyrmak, ylmy-tehniki we derňew işlerine itergi berýän ykdysady ulgamyny döretmek, amaly derňewleri ösdürmek we önümçilige innowasion täzelikleri ornaşdyrmak bilen baglanyşyklydyr.

Bu bäsleşige maňa hem aspirant hökmünde «Türkmenistanda «ýaşyl» wodorodyň önümçiligini gurnamagyň ylmy esaslandyrmasy» atly ylmy işim bilen gatnaşyp, ýeňiji bolmak miýesser etdi.

Biz hem öz gezegimizde hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ekologiki taýdan arassa, energetiki taýdan durnukly ýagdaýda bolmagy üçin alyp barýan işlerine goşant goşmak üçin zähmetimizi gaýgyrman işläris.

Türkmen halkynyň milli lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýärin! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

Oguloraz DURDYÝEWA,

Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher

mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň

informatika mugallymy:

  • Maňa hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip beren giň mümkinçilikleri esasynda yglan edilen her ýylda geçirilýän ylmy bäsleşikde ýeňiji bolmak bagty miýesser etdi. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýaryn! Gahryman Arkadagymyzyň döredijilik zehiniň miwesi bolan Akylly şäher konsepsiýasyna esaslanýan, sanly ulgamyň iň soňky gazananlary ornaşdyrlan ýaş şäher Arkadag şäherimiz ýaşlarymyzyň ukyp başarnygyny ýüze çykarmagy, şol sanda ylym bilen meşgullanmagy üçin ähli şertler döredilen şäheri.

Bu ýerde ussat mugallym, ilhalar ynsan, Berdimuhamet Annaýewiň adyny uly buýsanç bilen göterýän Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebimizde zähmet çekmek biz ýaş mugallymlary bilim ulgamyny özgertmekde uly nusga görkezen Berdimuhamet Annaýewiň ýoluny mynasyp dowam etdirmäge borçlandyrýar.

 

Pürli RASULOW,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky

Döwlet gullugy akademiýasynyň

döwlet gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamak okuwynyň

1-nji ýyl diňleýjisi:

  • «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda maňa beýleki ýaşlar bilen bir hatarda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň bilelikde yglan etmeginde geçirilen ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşikde baýrakly orna we hormatly Prezidentimiziň şa serpaýyna mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. Bu baýraga mynasyp bolmagym meniň durmuşymyň iň bagtly we ýatdan çykmajak ajaýyp pursatlaryň biridir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň biz ýaşlara bildirýän uly ynamyndan ruhlanyp çekýän zähmetimize berlen şeýle uly baha üçin biz ýaşlaryň buýsanjymyzyň çägi ýokdur.

Şeýle bagtyýar pursatda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklary üçin geljekki ýolbaşçylary taýýarlaýan Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi hökmünde özüme bildirilen uly ynamy ödäp, geljekde ýurdumyzyň köptaraplaýyn ösüşine uly goşant goşmakda gujur-gaýratymy, yhlasymy gaýgyrmajakdygyma ynandyrýaryn.

 

Mekan NURMÄMMEDOW,

Türkmenistanyň Goranmak Ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň

harby talyby:

  • Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde «Pähim Paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde geçiren ýaşlaryň arasyndaky  ylmy işler boýunça bäsleşiginiň ýeňijisi bolup, ýaş alymlyk derejesine we Hormatly Prezidentimiziň şa serpaýyna mynasyp bolmak maňa hem miýesser etdi. Biz ýaş harby gullukçylar döwletimiziň howpsuzlygyny we jemgyýetimiziň asudalygyny pugtalandyrmak babatda kanunçylyk binýadymyza goşandymyzy goşup, şeýle hem, ylmy açyşlarymyzy durmuşa geçirmek babatda gijämizi gündiz edip, hyjuw-gaýratymyzy gaýgyrman dowamatymyzy dowam etjekdigimize ynandyrýarys!

Ýaşlarymyzyň ylmy açyşlary bilen döwletimiziň ösüşine goşantlaryny goşmaklary üçin giň gerimli mümkinçilikleri döredip berýän çuňňur hormatlanýan Alym Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýüregimden alkyş aýdýaryn!

 

Enejan GURBANGULYÝEWA,

Aşgabat şäheriniň 41-nji orta mekdebiniň okuwçysy:

  • Ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde gazanan bu ýeňişim meniň ýaş kalbymy buýsanç duýgularyndan doldurdy. Men bu bäsleşige «Magtymguly Pyragynyň ynsanperwer garaýyşlarynyň özboluşlylygy» atly ylmy işim bilen gatnaşym. Magtymguly pyragynyň ynsanperwer garaýyşlary biz ýaşlaryň ýol-ýörelgämize öwrüldi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Watansöýüji, giň düşünjeli, ynsanperwer, zähmetsöýer, maksada okgunly ýaşlar ukyp-başarnyklaryny eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine bagyş etmelidir» diýip biz ýaşlara uly ynam bildirýär. Şeýle uly ynamy ödäp, geljekde Watanymyza gerekli nesiller bolup ýetişjekdigimize, yhlasly okap, ylym-bilim ulgamynyň ösüşine mynasyp paýymyzy goşjakdygymyza tüýs ýüregimden ynandyrýaryn!

Biz ýaşlaryň ak ertirlerimizi nazarlaýan beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

 

Taýýarlan Çeper NAZARGYLYJOWA,

D.Azady adyndaky TMDDI-niň talyby, Türkmenistanyň ýaşlarynyň

arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijisi.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY