MEDENIÝET — HALKYŇ KALBYDYR

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ýurdumyzda medeniýet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek, teleradioýaýlymlaryň, gazet-žurnallaryň, medeni aň-bilim edaralarynyň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak, kitaphanalaryň, muzeýleriň, teatrlaryň, medeniýet öýleriniň we beýleki medeni merkezleriň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda birnäçe işler amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» atly baý many-mazmuna ýugrulan kitabynda: «Eger bakylygyň göwher gaşyny, müňýyllyklara barýan ýoly sorasalar, men onuň medeniýetdigini hiç hili oýlanman aýdardym. Diňe medeniýetiň emri bilen daş düre, ruh bakylyga öwrülýändir...» diýýär. Şeýle dürdäne sözlerden soň medeniýet bilen baglanyşykly iň ajaýyp pikirler seriňe dolýar.

      Täze taryhy zamanamyzda medeniýet we sungat işgärleriniň öňünde döredijilik we hünär taýýarlygyny artdyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikler açylýar. Şu giň mümkinçilikleriň ulanylmagy bolsa jemgyýetimizde bolup geçýän dünýä nusgalyk özgertmeleri doly derejede ýaýbaňlandyrmaga, mähriban Watanymyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmäge hem-de ýetilen sepgitler bilen öňde goýlan maksatlary deňeşdirmäge, halkymyzyň nobatdaky ösüşlerine tarap ynamly gadamlaryny artdyrmaga ýardam edýär.

      Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar—Watanyň daýanjy» atly kitabynda «Ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň döwrebap ösüşleri bagtyýar raýatlarymyzy belent maksatlara ruhlandyrmakda, medeni-ahlak gymmatlyklarymyzy aýawly saklamakda, halkymyzyň ruhy bitewüligini üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir» diýip belläp geçýär. Dogrudan-da, asuda, parahat ýurdumyzda ajaýyp toýlaryň toýlanylmagy, Medeniýet, sungat işgärleriniň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň baýram edilmegi ynsan ykballaryna ruhy lezzet paýlaýar. Ajaýyp zamanamyzda milli medeniýetimizi has-da belent derejelere çykarmakda uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag. ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin! Baýramyňyz gutly bolsun!

 

Aziz ROZYMURADOW,

TMÝG-niň Lebap welaýat Geňeşiniň Umumy bölüminiň müdiri

Meňzeş habarlar