Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Medeniýet hepdeligi geçirildi. Bu ýyl Medeniýet hepdeliginiň ilkinji gezek sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäher — Arkadag şäherinde geçirilmegi bolsa buýsanjymyza buýsanç goşýar. Guwandyryjy ösüşlerimiziň aýdyň güwäsi bolan Arkadag şäheri dünýäniň iň döwrebap şäherleriniň biri bolmak bilen, Gahryman Arkadagymyzyň ylhamyndan dörän bu döwrebap şäherde ýokary derejeli çäreleriň, baýramçylyklaryň yzygiderli geçirilmegi täze şäheriň barha gülläp ösýändigini äşgär edýär. Bu ajaýyp şäherde halkymyzyň milli ýörelgeleriniň dowam etdirilmegi bolsa şöhratly geçmişimiz bilen bagtyýar şu günümizi hem-de ýagty geljegimizi özboluşly sazlaşdyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem belleýşi ýaly, Medeniýet hepdeligi ýurdumyzyň şekillendiriş we amaly-haşam, aýdym-saz, teatr, kino sungatyny ösdürmäge, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmäge, täze zehinleriň ýüze çykarylmagyna, türkmen edebiýatynyň kämil eserler bilen baýlaşmagyna mümkinçilik döredýär. Arkadag şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeligi türkmen taryhynyň sahypalaryny ýene altyn harplar bilen bezäp, türkmen medeniýetini hem sungatyny dünýä ýaýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Hormatly Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan, halkymyza hem-de,Watanymyza bolan beýik söýgüsinden kemala gelen Arkadag şäheri bagtyýarlygyň, rowaçlygyň, sazlaşykly ösüşleriň şäheridir. Arkadag şäheri dana Pyragynyň dürdäne şygyrlarynda arzuw eden döwlet berkararlygynyň, il agzybirliginiň nusgalyk şäheridir» diýen çuň manyly jümleleri bilen at-owazasy dünýä dolan Arkadag şäherinde başlanan Medeniýet hepdeliginiň uly şatlyk-şowhuna beslenip, ýatdan çykmajak toýlaryň birine öwrüljekdigine tüýs ýürekden ynanýarys. Biz talyp ýaşlaryň döwrebap ylym-bilim almagymyz, şeýle hem Milli medeniýetimizi, sungatymyzy dünýä ýaýmagymyz üçin uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.
Atamyrat BEKÇIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby,
TMÝG-niň agzasy.