ÝAŇYDY DOLANYM SENIŇ GOÝNUŇA...

     Talyp bolmak arzuwy islendik mekdep okuwçysynyň, hatda heniz mekdebe barmadyk çagajygyň hem ýüreginiň töründe ýaşaýar. «Orta mekdebi üstünlikli tamamlap, ýokary okuw mekdebine girsem» diýen hyýallaryň dünýäsine aralaşanyňda ýüregiň üýtgeşik heňde urýar... Orta mekdebi tamamlanymyzda synp ýolbaşçymyz: «Bu günki jaň «iň soňky jaň» däl-de, sizi ýokary okuw mekdeplerine çagyrýan jaň bolsun! Siz mekdep durmuşyndan durmuş mekdebine gadam basýarsyňyz. Ýoluňyz ak bolsun! – diýeninde, didelerden boýur-boýur akan ýaşlar heniz göz öňümden gidenok...

     Talyp bolmak bagty. Ýokary okuw mekdebiniň synaglaryndan geçip, talyplyga kabul edilmek örän uly bagt. Oňat bahalar bilen okap, halypa mugallymlaryň «berekellasyna» mynasyp bolmak, deň-duşlaryň arasynda sylag-hormaty gazanmak, ata-eneň saňa bildiren ynamyny ödemek bolsa, eken bagyň bol hasyl berýändiginiň alamatydyr. Yhlas bilen, zähmet çekip alnan hasylyň miwesi hem datly bolýar.

     Talyplyk döwrüniň joşgunly, hyjuwly pursatlaryny başdan geçireniňde ylham derýasyndaky gämiňi has-da batly kürekleýän ekeniň. Sebäbi bu döwürde «Ýaşlyk» atly kitabyň täze sahypasyny däl-de täze bir babyny ýazmaga başlaýaň. Her gün täze meýilnamalar, öňde goýlan belent maksada ýetmek üçin çekilýän zähmet, dogan deý bolan topardaşlaryň, olar bilen geçýän ýatdan çykmajak pursatlaryň, jan aýaman, yhlas bilen bilim berýän mugallymlaryň, käteler okap-okap çirim etmän çykýan gijeleriň... Talyplyk döwrüniň lezzeti hem şular dälmi eýsem?!

     Talyplykdan durmuş menzillerine tarap. «Wagtyň salymy ýok» diýleni. Talyplykdan saýlanyp durmuşa sary gadam basmaly wagtlarymyzam ýakynlap gelýär. Ine bu tolgundyryjy pursatlary söz bilen beýan etmäge dilimem, galamymam ejiz gelýär. Egniňe «Talyp-2024» lentaňy dakyp, ýokary okuw mekdebiniň tylla gapysyndan çykmak... saňa sabyrsyzlyk bilen garaşyp duran ak geljegiň elinden tutup, uzak-uzak menzillere rowana bolmak... Bu duýgular hem-ä tolgundyrýar, hemem näbelli otlynyň duralgasyna oklaýar. Şeýle duýgulary başdan geçirýän uçurym deň-duşlarymyzyň ýürek owazlaryndan çemen bogmagyň özboluşly lezzeti bar:

 

     Sülgün MYRATGELDIÝEWA,

     Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň uçurymy:

     - Dek düýn deýindi, ak şäheriň ak säherinden ak pata alyp, arzyly mekdebimiziň giriş synaglaryny tabşyryşym, «Kaka-a-a, men talyp boldum» diýip aglanym, göge sary ganat baglanym.

Düýn ýalydy uzyn saçlarymy örüp, ylym deňzini gulaçlamak üçin elime ynam hem yhlas küreklerini alanym, her ädimde kakamyň maňa ynanýandygyny ýada salanym. Ýakynymdaky alyslyklara gadam goýup, talyplyk durmuşynyň başdangeçirmeleriniň başyny başlanymam edil ýaňy ýalydy. Bu günki duralgamyz eýýäm talyplyk ýyllarynyň pellehanasyna ýetipdir...

 

     Şageldi MUHANOW,

     Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uçurymy:

     - Ynam — ak ýollara badalga. Hut şonuň üçin-de, ynamlar birleşip, ykrara, uly güýje eýe bolýar. Şol güýç bolsa synmaz derejä ýetip, dowamata ýol salýar. Diýmek, biz ýaşlara bildirilýän bu günki ynam dowamata, ertirlerimiziň röwşenligine bildirilýän ynamdyr. Maňa hem ýaşlara şeýle uly ynamyň bildirilýän ýurdunda, ajaýyp döwürde okap, Türkmenistanyň döwlet medeniýet institutynyň uçurymy bolmak bagty miýesser etdi. Bu mukaddes bilim ojagynyň duzuny haklap, geljekde Watanymyza, il-günümize gerekli medeniýet işgärleri bolup ýetişmek biziň mukaddes borjumyzdyr.

 

     Göwher GURBANOWA,

     Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uçurymy:

     - Talyp ýoldaşlarymyň biriniň uniwersitetiň gapysyndan ätlemänkäk diýen sözleri ýadymda. “Şu derwezäniň aňrysynda dünýä bar”. Hakykatdan-da, uniwersitet – bu uçgyraksyz dünýä. Arzuwlarym, geljek hakdaky meýilnamalarym, iň esasy zadam, maňa bildirilen ynam meni talyplyk dünýäsiniň goýnuna atardy. Synaglardan geçip, “Eje, men talyp boldum” diýip, buşluk sözlerini aýdan günlerimden bäri eýýäm bäş ýyl geçipdir. Indi bolsa “Eje, men mugallym boldum” diýen sözleri ejeme buşladym. Bu zatlaryň özeninde bolsa käbämiň ynamy bar. Ejemiň hemişe gaýtalaýan sözi bar: “Ykrar bolmaz, kalpda ynam bolmasa...”.

Perzendine ak pata berip durmuş ýoluna ugradýan ene mysaly bu gün arzuwçyl talybyna ak pata berip, alys menzillere  ugradýan eziz uniwersitetim, gadamlaryň batly bolsun!

 

 

     Şamyrat ŞAJYKOW,

     Türkmenistanyň Serhet institutynyň uçurymy:

     - Arzuw eden kärim hakynda söz açanymda, çagalygym ýadyma düşýär. Kakam serhetçi serkerde. Heniz çagakam her gezek kakamy görenimde, mende şol mukaddes käre söýgi döreýärdi, menem kakam ýaly serhetçi bolmagy, Diýarymyzyň şeýle täsin tebigy gözelliklerini goramagy arzuw edýärdim. Ine, arzuwlarym amala aşyp, serhetçi serkerdeleri taýýarlaýan Türkmenistanyň Serhet institutynyň uçurumy bolmak bagty miýesser etdi. Nesip bolsa, alan bilimimi iş ýüzüne geçirip, ussat serhetçi serkerdeleriň biri bolup, eziz Watanymyza, mähriban halkymyza ak ýürekden gulluk ederin!

 

     Maýsa KELOWA,

     Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uçurymy:

     - Talyp bolup, gyzyl köýnekde şamar saçly, gül tahýaly ýokary okuw mekdebiniň gapysyndan ätläniňde, megerem, dünýäde senden bagtly adam ýok bolsa gerek... Ýokary okuw mekdebi – bu ynsan ömrüniň ajaýyp pursatlaryny özünde jemleýän, ylmyň, bilimiň, ýaşlygyň gaýnap joşýan ýeri. Maňa hem şeýle mukaddes ýerleriň biri bolan, Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynda bilim alyp, uçurym bolmak bagty miýesser etdi. Uçurym dabarasynyň tolgundyryjy pursatlaryndan soň jemleýji döwlet synaglary bize garaşýar. Olardan soň bolsa, durmuş synaglary...

 

     Gurbangeldi MAŞADOW,

     Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň uçurymy:

     - Talyplyk ýyllary – bu bagt miýesser eden her bir ynsan üçin ýatdan çykmajak ýyllardyr. Bu döwürde adam ele aljak hünäriniň özenine, durmuşyň manysyna düşünýär. Has dogrusy, talyplyk adamy durmuşa taýýarlaýar. Çünki, seniň saýlap alan hünäriň seniň geljekki ykbalyňdyr. Ol hünär baradaky syrly sahypalary nazaryýetde bilimden ýüküňi ýetirip öwrenmek, amalyýetde bolsa berjaý etmek bilen hünäriň hakyky eýesi bolýarsyň. Her bir adam ýüreginde beslän, arzuw eden käriniň hakyky eýesi bolmagy üçin durmuşyň menzilli ýollaryny geçýär. Şol ýollary üstünlikli geçmek üçin talyplyk ýyllarynda alan bilimiň seniň hemraň bolýar.

 

     Aýlar PENAÝEWA,

     Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uçurymy:

     - Uçurym dabarasynyň tolgundyryjy pursatlary, bir-birege edilýän ak arzuwlar, dumuşymyzyň iň ajaýyp döwrüniň geçen ýeri – eziz bilim ojagymyz bilen hoşlaşyk... bularyň ählisi misli düýşdäki ýaly. Bu pursatlar meniň ýaşlyk hakydamda müdimilik orun aldy.

     Şu günki dabara bilen ähli uçurym deň-duşlarymy tüýs ýüregimden gutlaýaryn. Mertebäňiz hemişe belentde bolsun eziz uçurymlar!

 

      Zulfiýa ÝAŇABAÝEWA,

     Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uçurymy:

     - Talyplyk ýyllary ynsan durmuşynyň bahar paslydyr. Mukaddes bolan bilim ojagymyzda geçiren bäş ýylymyz bize geljekde nähili ýaşamalydygymyzy öwretdi. Öz ykbalyňy beýik we tutumly işler bilen berk baglanyşdyrmak – Garaşsyz Diýarymyzyň şan-şöhratyny has-da belende götermek uly bagtdyr, abraý-mertebedir. Ýürekleri hyjuwly biz – bagtyýar uçurymlar ýurdumyzy mundan beýläk hem gülledip ösdürmäge gönükdirilen işlere yhlasly okamak, döredijilikli zähmet çekmek, ylym-bilim dünýäsine çuňňur aralaşmak bilen mynasyp goşant goşmalydyrys!

 

***

     Uçurym bolmak diňe bir ýokary okuw mekdebini tamamlamak däl-de durmuşyň täze bir mekdebine gadam basmakdyr. Ol mekdepde bizden has uly jogapkärçilik talap edilýär. Şol mertebeli menzile sary ugur alan ähli uçurym deň-duşlaryma ak ýol arzuw edýärin.

     Uçurym diýlende halypa mugallymymyň aýdan sözleri ýadyma düşýär: «Siz bu gün uçurym bolup bilim, ojagyndan ara açsaňyz-da, ýyllaryň hatar kerweni ýollarymyzy birleşdirer. Biz gitsek, ýerimizi başga talyplar doldurýar diýip pikir edýänsiňiz, emma, unutmaň, adyňyz institutyň «altyn kolleksiýasyna» müdimilik ýazylandyr!».

 

Ýaňydy dolanym seniň gujagňa,

Egnime «Talyplyk» lentamy daňyp.

Bu gün aýralygyň pursaty geldi

Ýyllar geçip gitdi, ýyllara siňip...

 

Gyzy deý apalan bilim ojagym,

Durmuş bizi aýra salmaz, megerem.

«Hoş gal!» diýmen, garaş öňki menzilde,

Men ýene-de gujagyňa gelerin...

 

Taýýarlan Çeper NAZARGYLYJOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky

TMDDI-niň uçurymy,

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.

 

«Arkadagly Ýaşlar» 5.2024ý.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY