Islendik halkyň medeniýeti onuň milli aýratynlyklaryny şöhlelendirmek bilen birlikde, geçmişini, şu gününi hem-de geljegi bilen baglaýan gymmatly halkasy bolup durýar. Ata-babalarymyz parasatly durmuş tejribä esaslanýan milli-medeni gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy gözleriniň göreji ýaly gorap, nesillere miras galdyrmak ugrunda uly aladalar edipdir.
Mälim bolşy ýaly, türkmen halky baý medeniýeti, milli mirasy bilen dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine önjeýli goşant goşan halk bolmak bilen, häzirki wagtda-da medeni mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy dünýä ýaýmakda döwlet derejesinde netijeli işler alnyp barylýar. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň: “Türkmen halky beýik sungaty, nusgawy kadalary we gaýtalanmajak medeni mirasy bilen giňden tanalýar. Türkmen medeniýeti dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşdy. Biz medeniýet ulgamyny döwrebap ýagdaýa getirmek, milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça işleri dowam etdireris” diýip belleýär.
Medeniýetimizi we sungatymyzy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de kämilleşdirmek maksadyna eýerip, ýurdumyzyň medeniýet ulgamyň işgärleriniň döredijilik üstünlikleri, her bir raýatyň ruhy taýdan galkynmagyny üpjün etmäge goşýan goşantlary nazara alnyp Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 21-nji iýulyndaky Permany bilen Türkmenistanyň Milli baýramyny - Medeniýet we sungat işgärleriniň güni döredildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda her ýylyň 27-nji iýuny medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramçylygy hökmünde ýokary derejede bellenilýär. Her ýylyň iýun aýynyň ahyrynda Medeniýet hepdeliginiň uly dabara bilen bellenilmegi däbe öwrüldi. Bu asylly däp medeniýetiň ösmegine döwlet derejesinde yzygiderli üns berilýändigini şöhlelendirýär.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň iýun aýynyň 22-27-si aralygynda Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligi uly dabara bilen geçiriler. Bu Medeniýet hepdeligi Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýine, şeýle hem Arkadag şäheriniň döredilmeginiň bir ýyllygyna gabat gelýär. Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleriniň gününe bagyşlanan bu çäräniň çäklerinde welaýatyň medeni merkezlerinde milli ruhy-medeni mirasy giňden wagyz etmäge gönükdirilen dürli çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Medeniýet hepdeligine özboluşly öwüşgin çaýýan medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary, şygryýet agşamlary ýaly birnäçe döredijilik duşuşyklary medeniýetimiziň dürli ugurlarynyň kämillige beslenýändigini, ýaýbaňlanýandygyny aýdyň görkezýär.
Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynda dünýä halklarynyň medeniýetlerini özara baýlaşdyrmaga gönükdirilen medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy hem medeni ulgamyň ösüşine oňyn täsir edýär. Döwletiň ösüşinde medeniýetiň esasy wezipesiniň halkyň ruhy sagdynlygyny kemala getirýändigi, nesil sazlaşygyny berkidýändigi nukdaýnazaryndan, ýurdumyzda medeni mirasa döwletliligiň we ösüşiň ileri tutulýan wajyp serişdesi hökmünde garalýar. Şol bir wagtda, milli özboluşlylygyň aýnasy hasaplanýan medeniýetiň we sungatyň pajarlap ösmegi döwletiň durmuş-ykdysady özgertmeleriniň hem ruhy binýadyny emele getirýär. Şu jähetden, “Türkmenistanda Medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde medeniýet ulgamy toplumlaýyn esasda, ýagny, ýurdumyzyň medeniýetini, sungatyny, döredijilik ulgamyny ösdürmäge, kämilleşdirmäge, şeýle hem bu ulgamda düýpli özgertmeleri amala aşyrmaga, gadymy ýadygärlikler toplumyny gorap saklamaga, baýlaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär.
Häzirki wagtda ýurdumyz öz milli medeniýetine mahsus bolan özboluşlylygy we aýratynlygy sarpalamak bilen, giň halkara medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny alyp barmak ugruna hem aýratyn ähmiýet berýär. Halkara gatnaşyklary nazaryýetinde halkara medeni hyzmatdaşlyga dürli halklaryň we döwletleriň arasynda özara düşünişmegiň möhüm guraly, dostluk, birek-birege hormat goýmak gatnaşyklaryny ýola goýmagyň iň netijeli usullarynyň biri hökmünde garalýar. Diýarymyzda dürli ýurtlaryň şeýle hem, daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň däbe öwrülmegi, halkara medeni hyzmatdaşlygyň dürli görnüşleriniň giň gerime eýe bolmagy, türkmen medeniýetiniň umumy dünýä medeniýetinde mynasyp ornunyň bardygyny tassyklaýar.
Umuman, adamzadyň köp asyrlyk taryhy köklerini, edebi-ruhy gymmatlyklaryny, asyrlaryň jümmüşinden kemala gelen nepis sungat eserlerini özünde jemleýän milli mirasymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň kämil ruhy binýadyny emele getirýär. Raýatlaryň medeni durmuşa işjeň gatnaşmagy, dürli ýaşdaky adamlaryň medeniýetiň kämilleşmegine mynasyp goşant goşmagy türkmen jemgyýetiniň ruhybelentligini, milli medeniýetiň ählihalk goldawyny alamatlandyrýar.
Welimyrat ÖWEZOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň
bölüm müdiri.