Düýn paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de «Biznes reklama» gazetiniň redaksiýasy tarapyndan Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni we Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli gadymy hatdatlyk sungatyna ýaşlaryň ünsüni çekmek we bu ugurda ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen, ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ilkinji gezek yglan edilen «Owadan ýazuw» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.
Orta asyrlarda Merkezi Aziýa yklymynda, şol sanda Türkmenistanyň çäginde hem medeniýet, sungat, ylym, bilim belent sepgitlere ýetipdir. Bu döwürde halk arasynda uly meşhurlyga eýe bolan, halk köpçüligi tarapyndan hormatlanylýan kärleriň biri-de hatdatlyk sungaty bolupdyr. Orta asyr hatdatlary bu käri sungat derejesine çenli kämilleşdiripdirler. Hatdatlyk kärinde halklaryň medeni aýratynlyklary, däp-dessurlary saklanypdyr we ösdürilipdir. Hatdatlyk sungaty Gündogar ýurtlarynda kitap sungatynyň iň köp ýaýran görnüşleriniň biri bolup, aýratyn çeperçilik gymmaty bilen dünýä medeniýetiniň genji hazynasyna öwrüldi.
Şu nukdaýnazardan ugur alyp, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gadymy hatdatlyk sungatyna ýaşlaryň gyzyklanmalaryny artdyrmak, elde ýazmak endigini ösdürmek we olaryň owadan ýazuwyny kämilleşdirmek maksady bilen, geçirilen bu döredijilik bäsleşigi täze ýaş zehinleri ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýe boldy.
«Owadan ýazuw» atly geçirilen bäsleşikde öz deň-duşlaryndan has-da tapawutlanyp, ýeňiji bolan zehinli ýaşlara, şeýle hem bäsleşigiň jemleýji tapgyryna işjeň gatnaşanlara bäsleşigi gurnaýjylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlardyr hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Bäsleşiginiň ahyrynda oňa gatnaşanlar zamanamyzyň baýdak göterijileri bolan ýaşlaryň döredijilik zehinlerini ýüze çykarmagy we ukyp başarnyklaryny açyp görkezmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, aýdyň maksatly beýik tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň
bölüm müdiri.