Ynsan kalbynyň ruhy joşgunyna deňelýän milli medeniýetimiz häzirki döwürde täze belentliklere çykýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeni ulgamdaky ýetilen sepgitler barha ýokarlanýar. Ýurdumyzyň medeni durmuşynda düýpli özgertmeleri durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti pähim-paýhasy netijesinde, türkmen milli medeniýetini, medeni mirasyny ösdürmek hem-de ony dünýä ýüzüne giňden ýaýmak babatda uly işler edilýär. Däp bolup gelşi ýaly, her ýylda medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni uly toýa beslenip, giňden bellenilmegi eziz Diýarymyzda medeniýetimize aýratyn uly sarpa goýulýandygyny alamatlandyrýar. Medeniýetimiziň ülüşleri halkymyzyň gadymy, emma häzirki günlerde hem öz ähmiýetini ýitirmedik däp-dessurlarynda-da özboluşly şöhlelenýär.
Milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge, milli edebiýatymyzyň taryhynda öçmejek yz goýan akyldar şahyrlarymyzyň hormatyny belende götermäge aýratyn ähmiýet berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli tutumlary hemişe rowaç alsyn!
Arazgül MÄMEDOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Daşoguz şäher Geňeşiniň uly buhgalteri.