Ýakynda şeýle at bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrap Geňeşi tarapyndan etrapdaky Bäherden tikin fabriginiň tikinçi ýaşlarynyň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanan wagyz-nesihat duşuşygynda çykyşlara giň orun berildi. Şol çykyş edenleriň belleýşi ýaly, ýaşlaryň uly toparyny özüne birleşdirýän Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ýaşlaryň durmuş ýörelgesine öwrülen milli ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň has-de kämilligini gazanmagy alyp barýan köpugurly işleriniň özeninde goýýar. Şunda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ilhalar başlangyjyndan ugur alyp, ýaş nesliň aňynda «Watan» diýen beýik düşünjäniň mukaddesligini ýokarlandyrmak, Watany gözüň göreji ýaly goramagy, ýürekden söýmegi terbiýelemek esasy wezipe bolup durýar.
Duşuşykda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň barha gülläp ösmeginde, Watanymyzyň şan-şöhratynyň, at-abraýynyň has-da belent derejelere göterilmeginde bagtyýar ýaşlaryň mynasyp paýynyň bardygy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi röwşen geljegiň eýeleri bolan ýaşlaryň kämil bilim almagyna, döredijilikli zähmet çekmegine, ata Watanymyza ak ýürekden gulluk etmegine uly mümkinçilikleri döredýändigi dogrusynda aýdylanlar hem uly täsirleri döretdi.
Duşuşyga gatnaşanlar ýaşlaryň bagtyýarlygy babatda döwlet derejesinde edilýän aladalar üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Rejepnur ATAÝEW,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň
Bäherden etrap Geňeşiniň başlygy.