SAGDYN BEDENDE — SAGDYN RUH

     Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşiniň, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň Hywaabat jülgesindäki «Ýaşyl ýaýla» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde sport-sagaldyş, medeni çäreleri yzygiderli geçirilýär. «Biz sagdyn we ruhubelent nesiller» ady bilen sportuň woleýbol, kiçi futbol, küşt, tennis we hereketli oýunlar boýunça geçirilen ýaryşlar has-da täsirli boldy.

     Merkezde dynç alyp saglygyny berkidýän çagalaryň wagtlarynyň manyly we şadyýan geçmegini gazanmak, olaryň sport ussatlygyny ýokarlandyrmak we güýçli toparlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen ýaryşlar çekeleşikli duşuşyklara baý boldy. Merkezde dynç alýan çagalardan düzülen toparlaryň ählisini ukyp-başarnygyny görkezdiler. Netijede ýaryşda güýçli toparlar öňe saýlandy.

     Ýaryşlarda sportuň woleýbol görnüşi boýunça «Berkarar» topary, kiçi futbol görnüşinde «Şatlyk» topary, küştde «Nesil» topary, stol üstündäki tennisde «Berkarar» topary, hereketli oýunlar boýunça «Galkan» topary ýeňiji boldy. Ýeňiji bolan toparlaryň oýunçylaryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşiniň sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Azat HALMYRADOW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Kaka etrap

Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 25 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 48 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA