INŽENER-TEHNIKI WE ULAG KOMMUNIKASIÝALARY INSTITUTYNDA TEMALARYŇ 12-SI BOÝUNÇA YLMY-BARLAG IŞLERI ALNYP BARYLÝAR

     Ýurtda ulag, ýaşaýyş jaý-jemagat ulgamlary üçin ýokary derejeli inžener-tehnologlary taýýarlaýan Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda ylym bölümleri hereket edýär. Onuň işiniň esasy maksady institutda ylym we innowasion işjeňligi ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Ylym bölümi institutyň kafedralarynda, beýleki düzümlerinde ylmy işleriň meýilleşdirilişini, guralyşyny hem-de geçirilişini utgaşdyryjy düzüm bolup çykyş edýär.

     Işiň guralyşy birnäçe wezipelerden ugur alýar. Olara laýyklykda, degişli bölüm institutda ylmy-barlag işleriniň hilini ýokarlandyrmak, düýpli, amaly we tejribe-barlag işleriniň ýerine ýetirilişini guramak boýunça çäreleri durmuşa geçirýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

     Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň kafedralarynyň başlangyjy esasynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda bellige alnan temalaryň 12-si boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Olar sanly ykdysadyýet, ulag kommunikasiýalary ulgamy, ulag infrastrukturasy, ulag logistikasy, ekologiýa, wodorod energetikasy, elektroenergetika pudagy we beýlekiler bilen baglydyr.

     Institutyň Ulag-logistika ylmy merkezinde ykdysadyýetiň pudaklary üçin hünärmenleri taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak boýunça okuwlary guramak, ylmy-barlag, usulyýet işlerini amala aşyrmak, ylmy işleri önümçilik bilen baglanyşykly alyp barmak işleri ýola goýuldy. Şeýle-de ylmy merkezde professor-mugallymlar, talyplar tarapyndan şertnamalaýyn esasda ylmy-barlag işleri ýerine ýetirilýär hem-de maliýe girdejileri gazanylýar.

     Merkezde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendemirýollary» agentligi, «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen şertnamalaýyn esasda ylmy-barlag işleri ýerine ýetirilip, önümçilige ornaşdyryldy.

     Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty 2022-nji ýylda Bütindünýä uniwersitetler reýtinginiň «UI GreenMetric» sanawyna goşuldy. 2023-nji ýylyň jemleri boýunça bu sanawda ýokary orna geçmek başartdy. Şonuň bilen birikde, Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty «Times Higher Education» halkara uniwersitetler reýtingine goşuldy, Tehniki uniwersitetler assosiasiýasynyň agzalygyna kabul edildi.

 

turkmenportal.com

Meňzeş habarlar