TÜRKMEN OKUWÇYLARY ANTALÝADA GEÇIRILÝÄN 28-NJI BALKAN MATEMATIKA OLIMPIÝADASYNDA ÜSTÜNLIKLI ÇYKYŞ ETDILER

     Iýun aýynyň 25-30 aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde Ýaş mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen 28-nji Balkan matematika olimpiadasy geçirilýär.

     Her ýylda dünýäniň birnäçe döwletlerinden 15,5 ýaşa çenli ýaş zehinli matematikleri bir ýere jemleýän Ýaş mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän Balkan Matematika olimpiadasy ylymlaryň şasy hasaplanýan matematika ugrundan dünýäde özüniň ähmiýeti bilen ykrar edilen iri bäsleşik bolup durýar.

     Bu olimpiada biziň döwletimiz bilen bir hatarda 22 sany döwletden ýagny, Albaniýa Respublikasynyň, Alžir Milli Demokratik Respublikasynyň, Azerbaijan Respublikasynyň, Bosniýa we Gersogowinanyň, Bolgariýa Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyalygynyň, Kipr Respublikasynyň, Fransuz Respublikasynyň, Rumyniýanyň, Gresiýa Respublikasynyň, Demirgazyk Makedoniýa Respublikasynyň, Gruziýa Respublikasynyň, Italýan Respublikasynyň, Molodowa Respublikasynyň, Saud Arabystan Patyşalygynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Şwesariýa Konfederasiýasynyň,

Serbiýa Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň orta mekdepleriniň okuwçylaryndan düzülen toparlarda 130 sany okuwçy etdi.

     Biziň döwletimiziň adyndan Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan saýlanan zehinli mekdep okuwçylaryň altysyndan hem-de iki mugallymdan ybarat topary gatnaşdy:

  • Aşgabat şäheriniň iňlis dili, himiýa we biologiýa okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Işanmyradow Begli;
  • Aşgabat şäheriniň iňlis dili, himiýa we biologiýa okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy Gurbanow Hemra;
  • Aşgabat şäheriniň dil dersleri çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Ruslanow Myrat;
  • Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 26-njy orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Gummanow Begenç;
  • Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 24-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Gaýypow Aýly;
  • Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 26-njy orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Döwletmyradow Rahymberdi;
  • Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiniň matematika we informatika mugallymy Sapaýew Myrat;
  • Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň 40-njy orta mekdebiniň müdiri Myradow Rasul.

     Ýurdymyzyň mekdep okuwçylary olimpiadada üstünlikli çykyş edip şahsy hasapda Ruslanow Myrat, Gurbanow Hemra, Işanmyradow Begli hem-de Gummanow Begenç 4 sany kümüş medala we Gaýypow Aýly 1 sany bürünç medala mynasyp boldy.

 

turkmenportal.com

Meňzeş habarlar